Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da dün­ýä­niň äh­li se­bit­le­ri­niň döw­let­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lary gün-gün­den tä­ze de­re­je­le­re çyk­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz di­ňe bir dün­ýä ýurt­la­ry bi­len däl, eý­sem, iri hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hem hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryny yzy­gi­der­li ýyg­jam­laş­dyr­ýar.
Ola­ryň ha­ta­ryn­da BMG, ÝHHG, GDA, ŞHG, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti ýa­ly en­çe­me hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.
Ýur­du­my­zyň iş­jeň hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ýan gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­dir. Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­dan soň ulu­ly­gy bo­ýun­ça ikin­ji orun­da dur­ýan hal­ka­ra gu­ra­ma bo­lup, ol 1961-nji ýyl­da Belg­rad kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň ne­ti­je­sin­de dö­re­dil­di. 2011-nji ýy­lyň maý aýyn­dan bä­ri gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne 120 döw­let ag­za­dyr. Ola­ryň 37-si Azia­nyň, 53-si Af­ri­ka­nyň, 26-sy Ame­ri­ka­nyň hem-de 3-si Okea­ni­ýa­nyň ýurt­la­ry­dyr. 17 döw­let hem-de 10 hal­ka­ra gu­ra­ma Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mej­lis­le­ri­ne syn­çy hök­mün­de gat­naş­ýar.
Türk­me­nis­tan 1995-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ko­lum­bi­ýa­nyň Kar­ta­he­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň XI sam­mi­tin­de bu gu­ra­ma ag­za bol­dy. Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­da iş­jeň he­re­ket ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma­nyň no­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­ti Azer­baý­ja­nyň Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­ne gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň XVIII sam­mi­ti­ne 60-a go­laý ýur­duň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­ýar. Bu sam­mi­ti dün­ýä met­bu­ga­tyn­da giň­den be­ýan et­mek üçin 246 ha­bar­çy ha­sa­ba alyn­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gu­ra­ma­nyň Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­rilen no­bat­da­ky sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­gy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, mil­li bäh­bit­le­ri we äh­lu­mu­my ösü­şiň ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge saz­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri dö­ret­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy­nyň hem-de iş­jeň nuk­daý­na­za­ry­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rü­ler. Şu ýy­lyň 23-24-nji okt­ýab­ryn­da Ba­ku şä­he­rin­de gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýyg­nak ge­çi­ri­lip, on­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mit­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak me­se­le­le­riň giň top­lu­my mas­la­hat­la­şyl­dy.
BMG-den soň­ra dün­ýä­niň iň köp ag­za­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­ne ag­za ýurt­lar­da dün­ýä ila­ty­nyň 55 gö­te­ri­mi ýa­şa­ýar. Şeý­le hem dün­ýä­niň ne­bit go­ru­nyň 75 gö­te­ri­mi, te­bi­gy gaz go­ru­nyň 55 gö­te­ri­mi hem bu gu­ra­ma­nyň ag­za ýurt­la­ry­nyň eýe­çi­li­gin­de­dir.