Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Gruziýada Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň häzirki Prezidenti Georgiý Margwelaşwili mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, Premýer-ministr Mamuk Bahtadze bilen geçirilen maslahatdan soň, öňde boljak syýasy çäräniň wagty kesgitlendi. Şondan soňra ýurduň Prezidentiniň saýlawlary geçirmek baradaky karary, Merkezi saýlaw toparyna ugradyldy. Mundan ozal, gruzin parlamentiniň başlygy Dawid Usupaşwili häzirki Prezident Margwelaşwiliniň täzeden prezidentlige dalaşgär bolmak isleginiň ýokdugyny mälim edipdi.
Bu saýlawlar ýurtda göni ses bermek arkaly geçiriljek iň soňky Prezident saýlawlary bolar. Çünki 2024-nji ýyldan başlap, göni ses bermek arkaly Prezident saýlawlary ýatyrylar. Döwlet Baştutanyny 300 wekilden ybarat bolan saýlaw topary – ýagny, parlamentiň 150 deputaty we häkimiýetiň ýerli edaralarynyň 150 wekili saýlar.
2010-njy ýylda üýtgeşme girizilen, 2013-nji ýylda güýje girizilen esasy kanuna laýyklykda, Prezidentiň ygtyýarlyklary çäklendirilen. Esasy güýç Premýer-ministriň ygtyýaryna geçdi. 48 ýaşly Margwelaşwili 2014-nji ýyldan bäri Gruziýa ýolbaşçylyk edýär.
Ozalky daşary işler ministri
dalaşgärlik eder
Gruziýanyň ozalky daşary işler ministri, parlamentde garaşsyz deputat Salome Zurabişwili 28-nji oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi.
– Men saýlawlara dalaşgär bolmak kararyna geldim – diýip, ol metbugat ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy. Zurabişwili ýeňiş gazanan halatynda, ähli tagallalaryny ýurduň durnuklylygyna we agzybirligine gönükdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy.