Oguzhan adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gin­de 2007-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip, ma­wy ek­ran ar­ka­ly halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len “Gül­ýa­ka” at­ly çe­per film­de uruş­dan soň ýal­ňyz ga­lan Gül­näz enä­niň dur­muş ýo­ly yzar­lan­ýar. Gül­näz enä­niň keş­bi­ni dö­re­den Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ene Baý­ram­ber­di­ýe­wa bi­len du­şu­şyp, onuň bi­len söh­bet­deş bol­duk.

— Ene daý­za, söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ba­şyn­da, yk­ba­ly­ňy­zy sun­gat bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, ar­tist bo­lup ýe­tiş­me­gi­ňi­ziň sy­ry­ny aý­daý­sa­ňyz.

— Men en­tek se­kiz ýa­şym­da­kam Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň häzirki Mag­tym­gu­ly şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýän 14-nji ça­ga­lar öýün­de oka­ma­ly bol­dum. Ça­ga­lar öýün­de bäş synpy oka­nym­dan soň, oku­wy­my häzirki Bal­ka­na­bat, Türk­men­ba­şy şä­he­rlerin­de do­wam et­me­li bol­dum. Ýö­ne ma­ňa maş­ga­la ýag­da­ýym se­bäp­li or­ta mek­dep­de di­ňe ýe­di synpy ta­mam­la­mak ne­sip et­di. Şon­dan soň ma­ňa ýe­ne­-de dog­duk me­ka­nym, häzirki Mag­tym­gu­ly et­rap me­de­ni­ýet öýü­niň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek çe­per hö­wes­jeň­le­riň göz­den ge­çi­ri­li­şi­ne gat­naş­mak üçin taý­ýar­lyk gör­ýän­dik­le­ri ba­ra­da­ky ha­ba­ry aýtdylar. Men­de-de çe­per hö­wes­jeň­ler to­pa­ry­na go­şu­lyp, çy­kyş et­mek hö­we­si dö­re­di. Men bu pikirimi me­de­ni­ýet öýü­niň ýol­baş­çy­sy­na aý­da­nym­da ol me­ni hö­wes bi­len to­pa­ry­na ka­bul et­di. Biz bir­nä­çe wagt ta­ýyn­lyk­dan soň Aş­ga­bada sa­ry ýo­la düş­dük. Me­nem şol göz­den ge­çi­ri­liş­de aý­dym aý­dyp, tans edip, goş­gy okap, çy­kyş et­dim. Şol göz­den ge­çi­ri­liş – 1955-nji ýyl­da bo­lup ge­çip­di. Ol ýer­de men kom­po­zi­tor Ata Esa­dow bi­le­nem ta­nyş­dym. Ata aga ma­ňa Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet gün­le­ri­ne taý­ýar­lyk gö­rüp ýö­ren­di­gi­ni, şol se­bäp­li hor­da aý­dym aýt­mak üçin adam top­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Me­nem özü­miň hö­wes­jeň­di­gi­mi oňa duý­dur­dym. Şon­dan soň, ol me­ni ho­ruň ha­ta­ry­na goş­dy.
Şeý­dip, 1955-nji ýyl­da hor to­pa­ry bo­lup, Mosk­wa­da on gün­läp çy­kyş edip gel­dik. Şeý­le­lik­de, men sun­gat äle­mi­ne ara­laş­dym gi­di­ber­dim.

— Şu pur­sat­larda ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ňy­zy ýat­la­mak si­ziň üçin has ýa­kym­ly bol­sa ge­rek.

— Men 1955-nji ýyl­da öň­ki Me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­nyň ki­tap­ha­na bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­my tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ry­ndan üs­tün­lik­li ge­çip, okap baş­la­dym. Teh­ni­kum­da okap ýör­käk bi­ziň to­pa­ry­my­zy “Türk­men­film” ki­nos­tu­di­ýa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­la­nan “Aşyr aga­nyň höt­jet­li­gi” at­ly çe­per fil­miň köp­çü­lik sah­na­la­ry­na su­ra­ta düş­mä­ge alyp git­di­ler. Şol wagt me­niň gök­dä­ki di­le­gim ýer­de go­wuş­dy. Teh­ni­ku­myň ikin­ji ýy­ly­ny ta­mam­la­ny­myz­dan soň, to­mus pas­ly ýe­ne­-de bi­ziň to­pa­ry­my­zy “Türk­men­film” ki­nos­tu­di­ýa­syn­da önüm­çi­li­ge goý­ber­ilen “Al­lan aga­nyň maş­ga­la­sy” at­ly çe­per fil­miň köp­çü­lik sah­na­syn­da su­ra­ta düş­mä­ge alyp git­di­ler. Bu film­de men­den re­žiss­ýo­ryň kö­mek­çi­si bo­lup iş­läp ber­me­gi­mi hem ha­ýyş et­di­ler. Şol film­de ma­ňa türk­men sun­ga­ty­nyň ägirt­le­ri, ha­ly­pa­lar, meş­hur Al­ty Gar­ly­ýew, Aman Gul­mäm­me­dow, Täç­bi­bi Ga­fu­ro­wa da­gy bi­len iş­leş­mek mi­ýes­ser edip­di. Teh­ni­ku­myň üçün­ji ýy­ly­nyň ba­şyn­da me­ni oku­wym­dan boş wagt­la­rym öň­ki Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ope­ra we ba­let te­at­ryn­da sah­na­laş­dy­ryl­ýan spek­takl­lar­da­ky köp­çü­lik sah­na­la­ryn­da çy­kyş et­mek üçin işe ka­bul et­di­ler.
Ol ýer­de bir ýyl iş­läp, teh­ni­ku­myň gu­tar­dyş döw­let sy­nag­la­ry­na ta­ýyn­lyk gö­rüp ýör­käm, met­bu­gat­da çap edi­len bir bil­di­riş me­niň ün­sü­mi özü­ne çek­di. On­da Mosk­wa şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Lu­naçars­kiý adyn­da­ky teatr ins­ti­tu­ty­na türk­men og­lan-gyz­la­ry­ny oku­wa kabul etmäge gel­ýän­dik­le­ri ba­ra­da­ky ha­bar ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu oku­wy oka­mak hö­we­si men­de-de dö­re­di. Men wagt ýi­tir­män, jogapkär işgäriň ýanyna bar­dym. Ol ma­ňa kö­mek et­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mosk­wa­dan döw­let sy­na­gy­ny almak üçin gelen topar me­niň aý­dyp be­ren aý­dy­mym­dan, ýe­ri­ne ýe­ti­ren tan­sym­dan, okan goş­gym­dan, gör­ke­zen söz­süz et­ýu­dym­dan ho­şal bo­lup, ikin­ji sy­na­gy­ňy tab­şy­ry­ber diý­di­ler. Men ikin­ji sy­na­gam üs­tün­lik­li tab­şyr­dym. Üçün­ji sy­na­gy ins­ti­tu­tyň özü­ne ba­ryp tab­şyr­ma­ly eken. Şeý­dip, je­mi 13 sa­ny og­lan-gyz bo­lup Mosk­wa sa­ry ýo­la düş­dük. Ol ýer­de üçün­ji sy­na­gam tab­şy­ryp, ta­lyp bo­lup ga­ly­ber­dik we on üç­ler ady­na eýe bol­duk. Ins­ti­tu­ta ba­ra­ny­myz­dan soň bi­ze pe­da­gog Ol­ga Pi­žo­wa­ tä­lim be­rip baş­la­dy.
Ins­ti­tut­da Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, Hom­mat Mül­lük, Aman Baý­ram­ber­di­ýew, My­rat Aga­ba­ýew, Tyl­la Ýa­ku­bo­wa, şeý­le-de Hom­mat Ka­ka­ja­now, Nur­täç Toý­gu­ly­ýe­wa, Ar­tyk Baý­ra­mow, Aşyr Gy­ly­jow da­gy bi­len bile okadyk. Ins­ti­tut­da bi­ziň to­pa­ry­myz dört sa­ny spek­takly sah­na­laş­dyr­dy. Olar “Ka­li­na to­kaý­ly­gy”, “Aja­ýyp te­bip”, “Ga­ra gar­ga”, “Ba­gyr­da­ky daş” ýa­ly oýun­lar bo­lup, ola­ryň äh­li­sin­de ma­ňa baş keş­bi jan­lan­dyr­mak yna­nyl­dy. Ma­ňa bol­sa mu­gal­lym­la­ryň yna­my­ny öde­mek, ola­ryň sy­na­gyn­dan üs­tün­lik­li geç­mek ba­şart­dy. 1963-nji ýyl­da biz to­pa­ry­myz bo­lup ins­ti­tu­ty ta­pa­wut­la­nan dip­lom bi­len ta­mam­lap Aş­ga­ba­da gel­dik. Gel­şi­mi­ze bi­ziň on üçü­mi­zem şol wagt­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky türk­men döw­let akademiki dra­ma te­at­ry­na işe ýer­leş­dir­di­ler.

— Ýo­ka­ry oku­wy ta­mam­lap ge­len ýaş hü­när­men hök­mün­de türk­men te­at­ry­nyň sah­na­syn­da il­kin­ji we soň­ky dö­re­den keşp­le­ri­ňi­zi hem ýat­lap ge­çäý­se­ňiz.

— Te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji dö­re­den keş­bim “Çan­du­wyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri” at­ly spek­takl­da­ky Puş­ma­nyň keş­bi bo­lup­dy. So­ňam “Ýa­la­ňaç adam­lar” spek­tak­lyn­da Kü­mü­şiň, “Bu nä­hi­li beý­le bol­ýar­” spektaklynda Zü­leý­ha at­ly gy­zyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­dym. 1965-nji ýyl­da me­ni öň­ki Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ry­na işe ça­gyr­dy­lar. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da bol­sa ma­ňa “Aý tu­tu­lan gi­je­si” sah­na oý­nun­daky baş keşp Zü­mer­re­diň, “Ba­ha­ryň ys­sy gün­le­rin­de” baş keşp Ma­ra­lyň, “Pa­ra­da” Aý­pe­ri­niň, “Gy­za­ryp ýa­şan şa­pak­da” Sel­bi­niň, “Mu­kad­des söý­gü­de” baş keşp Tä­ji­niň, “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­da” Se­re­gü­lüň keşp­le­ri­ni jan­lan­dyr­ma­gy ynan­dy­lar. Bu keşp­ler teatr muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lan keşp­ler­dir. Ýaş­lar te­at­ryn­da iş­läp ýör­käm, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ka­ka­jan Aşy­row me­ni özü­niň tä­ze açan “Jan” te­at­ry­na işe ça­gyr­dy. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da-da ma­ňa ulu­ly-ki­çi­li keşp­le­riň bir­nä­çe­si­ni jan­lan­dyr­mak mi­ýes­ser et­di.
Şo­la­ryň için­de ma­ňa has ýa­kyn keşp “Suwu­l­gan” at­ly spek­takl­daky­ keş­p bol­dy. Bu spek­takl hä­zir­ki wagt­da Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky baş dra­ma te­at­ry­nyň re­per­tua­ry­ny “Tä­sin söý­gi” ady bi­len be­zäp dur. Men teatrda 37 ýyl iş­lä­nim­den soň sah­na bi­len hoş­la­şyp, hor­mat­ly dynç aly­şa çy­kyp, öý iş­le­ri bi­len meş­gul bolýaryn.

— Özü­ňi­ze meş­hur­lyk ge­ti­ren “Gül­ýa­ka” fil­min­dä­ki Gül­näz enä­niň yk­ba­ly, onuň özü­ňiz­de gal­dy­ran tä­si­ri ba­ra­da aý­daý­sa­ňyz.
— Men “Gül­ýa­ka” fil­min­den öňem kän ki­no­da su­ra­ta dü­şüp­dim. “Aşyr aga­nyň höt­jet­li­gi”, “Al­lan aga­nyň maş­ga­la­sy”, “Je­ma­lyň da­rag­ty”, “Aýal ata çy­kan­da”, “Ýyl­dyz­lar öç­me­ýär­ler”, “Ak gu­şuň owa­zy” ýa­ly film­ler­de dür­li-dür­li hä­si­ýet­dä­ki ze­nan­la­ryň keşp­le­ri­ni jan­lan­dyr­mak ma­ňa mi­ýes­ser edip­di. In­di Gül­näz ene ba­ra­da aýt­sam, onuň yk­ba­ly agyr bolýar, ur­şuň yzyn­da ga­lyp, ýaşlykdan söý­gü­li­si­ni hem-de onuň be­ren sow­ga­dy­ny ýi­tir­ýär. Ol ýit­gi­ler Gül­näz üçin uly ur­gy bol­ýar. Eziz­siz hem gül­ýa­ka­syz ga­lan Gül­näz ýag­şy di­leg­de bo­lup ýa­şa­ber­ýär. Gün­ler­de bir gün, ol şol gül­ýa­ka­ny ba­zar­da gö­rüp, sa­tyn al­mak­çy bol­ýar. Em­ma pu­ly ýet­me­ýär. Gül­näz ene ýe­ke­je syg­ry­ny sa­typ, eli pul­ly ba­za­ra bar­sa, gül­ýa­ka eý­ýäm sa­ty­lyp­dyr. Ol la­py­keç bo­lup ba­zar­dan gaýd­ýar. Gül­näz ene gül­ýa­ka­ny göz­läp kän gez­ýär. Ol şä­her­dä­ki myh­man­ha­na­nyň hem­me­si­ne aý­la­nyp çyk­ýar. Em­ma gül­ýa­ka­ny sa­tyn alan da­şa­ry ýurt­ly ze­na­na ga­bat gel­me­ýär. Ol ba­ran myh­man­ha­na­sy­na ýag­da­ýyny dü­şün­di­rip, öý sal­gy­sy­ny go­ýup gaýd­ýar. Gün­ler­de bir gün häl­ki gül­ýa­ka­ny sa­tyn alan da­şa­ry ýurt­ly ze­nan Gül­näz enäň öýü­ne ge­lip, oňa sow­gat ber­len gül­ýa­ka­ny gow­şur­ýar. Ol aýal Gül­näz enä­niň mert­li­gi­ne, we­pa­ly­ly­gy­na uly sar­pa go­ýup, oňa min­net­dar bol­ýar. Men Gül­näz enä­niň keş­bi­ni jan­lan­dy­ra­nym­dan soň, ki­no muş­dak­la­ryn­dan bir­nä­çe hat­lar ge­lip go­wuş­dy. Gül­näz enä­niň keş­bi­niň öz­le­rin­de tol­gun­dy­ry­jy ýag­daýy dö­re­den­li­gi­ni aýt­mak bi­len ma­ňa gu­wan­ýan­dyk­la­ry­ny aýdýardylar. Ar­tist üçin bol­sa to­ma­şa­çy­nyň aňyn­da ga­lyp, onuň sag­bol­su­ny­ny ga­zan­mak­dan uly bagt ýok. Eger men Gül­näz enä­niň keş­bi bi­len hal­kyň aňyn­da gal­ma­gy ba­şa­ran bol­sam, on­da me­niň şol keş­be siň­di­ren aza­by­myň ýe­ri­ne go­wuş­dy­gy­dyr. Fil­miň ek­ra­na çy­ka­nyn­dan kän wagt geç­män­kä bol­sa, ma­ňa Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­dy. Me­n bu be­lent sy­lag üçin Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­mi­ze köp sagbolsun aýdýaryn! Goý, hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

— Ene daý­za, oky­jy­la­ry­my­z üçin maş­ga­la ýag­da­ýy­ňyz bi­len ta­nyş­mak hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.

— Ýanýol­da­şym hem Mosk­wa­da bi­le­je okan kurs­da­şym, mer­hum Aman Baý­ram­ber­di­ýe­w. Ony hem­me­ler ta­na­ýandyr. Ol en­çe­me ýyl­lap te­le­wi­zor­da “Si­ziň üçin, kör­pe­ler!” gep­le­şi­gi­ni alyp bar­dy. “Türk­men­fil­miň” ter­ji­me bö­lü­min­de hin­di ki­no­film­le­ri­niň baş gah­ry­man­la­ry­na mah­mal se­si­ni be­rip gel­di. Ýaş tomaşaçylar te­at­ry­na ýol­baş­çy­lyk et­di. Aman bi­len üç ça­ga­ny – bir gyz, iki og­ly ös­dü­rip, ke­ma­la ge­tir­dik. Gy­zym Gun­ça luk­man, uly og­lum Gu­wanç te­le­ke­çi, kör­päm Be­genç ýu­rist bo­lup iş­läp ýör­ler. Dört sa­ny ag­ty­gym bar.

— Ene daý­za, be­ren gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ňiz üçin köp sag bo­luň!.