Dünýäde energiýanyň arassa çeşmeleriniň önümçiligi barha artýar. Ýel, Gün we suw çeşmeleri energiýa öndürmek üçin giňden peýdalanylyp, olar daşky gurşawa zeper ýetirmeýär. Bu ugurda ýurdumyzda hem uly işler alnyp barylýar. Garagum sährasynyň jümmüşindäki obalarda Gün panelleri oturdylyp, olar çopan goşunda dürli elektrik enjamlary işletmek üçin peýdalanylýar. Şeýle hem ýurdumyzda bu panelleriň önümçiligini ýola goýmak üçin daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Eýsem, Gün panelleri yssy şöhleleri elektrik energiýasyna nädip öwürýärkä?!
GÜN panellerini giň meýdana, stadionlaryň, jaýlaryň üçeklerine, hatda köçeleri ýagtyldýan çyralaryň sütünlerine hem oturdyp bolýar. Gün panelleri bitewi bolman, birnäçe öýjükden emele gelýär. Hatar-hatar onlarça öýjügiň bolmagynyň sebäbi, olaryň aýratynlykda şöhläni çekip, beýleki öýjükde näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda hem işini dowam etdirmegi sebäplidir. Gün şöhlelerindäki fotonlar paneldäki öýjüge degen wagty, onuň položitel (+) we otrisatel (-) taraplaryna birigip, elektrik akymyny emele getirýär. Bu adaty batareýalaryň položitel (+) we otrisatel (-) taraplaryna meňzeýär. Elektronlar emele gelen shemanyň içinden akyp, elektrik energiýasyny öndürýär. Elektrik togunyň önümçiligi Gün panelindäki her bir öýjükde yzygiderli dowam edýär. Bir-birine bagly öýjükleriň arasynda-da akym bolup, elektrik öndürilýän çägiň we şol sanda öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdary artýar. Ýagny, näçe köp öýjük bir-birine birikdirilse, şonça-da köp energiýa öndürip bolýar. 30 öýjükden emele gelen panel 3000 wata barabar elektrik energiýasyny öndürip, bu bir öýüň zerurlygyny üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Gün panelleri hemişelik tok (DC) öndürýär. Hemişelik tokdan has netijeli peýdalanmak we ulanylýan çygryny giňeltmek üçin ony üýtgeýän toga (AC) öwürmeli bolýar. Üýtgeýän togy uzak aralyga has aňsatlyk bilen geçirip bolýandygy sebäpli dünýäde has giňden peýdalanylýar. Gün panellerinden alynýan energiýany üýtgeýän toga öwürmek üçin goşmaça enjamdan peýdalanylýar. Bu enjam Gün panellerinden alynýan energiýany dolandyrmaga, ölçemäge hem ýardam edýär. Öndürilen energiýany gijesine ýa-da bulutly günlerde peýdalanmak üçin akkumulýatorlardan peýdalanylýar. Akkumulýatorlar öndürilýän energiýanyň artykmajyny saklap, gerek wagty ulanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Gün şöhlesinden has netijeli tok öndürýän tehnologiýalar barha kämilleşdirilýär.
Ýazgeldi GURBANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.