“At­le­tik Bil­bao” to­pa­ry­nyň we­te­ran fut­bol­çy­sy, is­pa­ni­ýa­ly meş­hur hü­jüm­çi Aris Adu­ris 39 ýa­şyn­da pro­fes­sio­nal de­re­je­dä­ki fut­bol ýo­lu­ny bes eden­di­gi­ni ha­bar ber­di. “Wal­ýa­do­lid”, “Mal­ýor­ka”, “Wa­len­si­ýa” ýa­ly to­par­la­ryň köý­nek­çe­si­ni ge­ýen Adu­ris klub­lar­da je­mi 780 oýun­da 285 go­ly der­we­zä gi­riz­di. Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da-da 13 du­şu­şyk ge­çi­ren Adu­ris 2015-nji ýyl­da ýur­du­nyň Su­per ku­bo­gy­ny ga­za­nyp­dy.
Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Pre­mi­er li­ga­da” çem­pi­on mä­lim edil­di. Ge­çi­ri­len mas­la­hat­la­ryň ne­ti­je­sin­de sa­naw­da öň­de bar­ýan “Sel­tik” to­pa­ry yz­ly-yzy­na 9-njy, umu­my­lyk­da-da 51-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Iň aşa­ky orun­da­ky “Harts” to­pa­ry bol­sa, tä­ze möw­süm­de 2-nji li­ga­da çy­kyş eder. Şot­lan­di­ýa­dan ozal, Ni­der­land­la­ryň, Fran­si­ýa­nyň hem-de Bel­gi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da çem­pi­on­lar mä­lim edi­lip­di.
Gol­lan­di­ýa­ly tä­lim­çi, ozal­ky fut­bol­çy Ýa­ap Stam ABŞ-nyň çem­pio­na­ty MLS-iň we­ki­li “Sin­sin­na­ti” to­pa­ry­na tä­lim­çi bol­dy. 47 ýaş­ly tä­lim­çi ame­ri­kan klu­by bi­len möh­le­ti 2021-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ryn­da ta­mam­lan­jak şert­na­ma gol çek­di. Öz döw­rün­de meş­hur go­rag­çy­la­ryň bi­ri bo­lan Stam soň­ky ge­zek “Fe­ýe­noord” to­pa­ry­na tä­lim be­rip­di.
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Ba­wa­ri­ýa” to­pa­ry der­we­ze­çi­si Ma­nu­el No­ýe­riň şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti­ni uzalt­dy. 34 ýaş­ly der­we­ze­çi 2022-nji ýy­lyň tom­su­na çen­li “Ba­wa­ri­ýa­da” oý­nar. No­ýe­riň şert­na­ma­sy 2021-nji ýy­lyň tom­sun­da ta­mam­lan­ýar­dy. Us­sat der­we­ze­çi 2011-nji ýyl­da 30 mil­li­on ýew­ro ba­ha “Şal­ke­den” “Ba­wa­ri­ýa” ge­çip­di.