Türkmen teatr hem kino sungatynyň taryhyna ser salanymyzda halypa artistlerimizdir režissýorlarymyzyň taýsyz tagallalary, yhlas başarnyklary, ýiti zehinleri netijesinde sahnalaşdyrylan spektakllaryň, surata düşürilen kinofilmleriň gahrymanlarynyň keşplerini tomaşaçylar häli-häzirler hem unudanoklar. Halk içinde meşhurlyk gazanan ussat kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren “Mukamyň syry” (Aýal bagşy) atly meşhur aýal bagşy Karkaranyň durmuşyndan gürrüň berýän çeper film megerem kino muşdaklarymyzyň ýadyndadyr. Bu filmdäki Karkaranyň ýeke-täk perzendi Didaryň ýaşuly pursatyny, ýagny Didar bagşynyň keşbini Aman Gurbandurdyýew janlandyrypdy. Bu film diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilen kino günlerinde hem görkezilip, meşhurlyk gazanan filmdir. Aman agany halk köpçüligine kino sungatynda “Mukamyň syry” atly filmdäki Didar bagşynyň keşbi meşhur eden bolsa, teatr sungatynda A.Agabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Bir görlen tanyş” spektaklyndaky Arça Mededowyň keşbi bolupdy. Maňa-da şu spektakla ençeme gezek tomaşa etmek miýesser edipdi. Bu spektakl ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylyp, onuň repertuaryny ençeme wagtlap, bezäp gelipdi. Spektakl her gezek görkezilende, tomaşaçylar zaly märekeden ýaňa hyryn-dykyn bolup, hatda dik durmaga-da ýer bolmaýardy. Esasan hem pýesanyň baş gahrymanlary Bossan enäniň (Sabyr Ataýewa) şeýle-de Arça Mededowyň (Aman Gurbandurdyýew) keşpleri seniň on iki süňňüňi lerzana getirýärdi. Bularyň keşp janlandyryşlaryny tomaşaçylar zalynda synlap oturşyma, men öz ýanymdan bularyň ýürekleri nähili çydaýarka diýip pikir edýärdim. Çünki olar özlerine tomaşa edip oturan adamlaryň ýüreklerini gyýym-gyýym edýärdi. Spektakldaky wakalar urşuň tamamlanyp barýan pursatlaryny öz içine alýar. Bossan eje urşa giden oglunyň gelerine garaşa-garaşa görejinden galýar. Iň soňunda bolsa, ogly bilen atdaş Arça atly adam uruşdan gaýdyp gelende, oňa öz ogly gelendir öýdýär. Waka Arçanyň aradan çykmagy bilenem tamamlanýar.
Ykbalyny teatr hem kino sungatyna bagyş eden aktýor hem režissýor köpleriň halypasy Aman Gurbandurdyýew 1932-nji ýylda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Ýarajy obasynda dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelýär. Emma şol kynçylykly, agyr ýyllaram ýaşajyk Amanyň sungata bolan höwesini, onuň joşgunly ýürek oduny öçürip bilmeýär. Aman entek mekdepde okaýarka, saz sungaty bilen içgin gyzyklanýar. Ýewropa saz gurallarynyň iň näzik seslisi bolan “alt” saz guralyny çalmagy öwrenip başlaýar. Uly simfoniki orkestrlerde saz çalmagy arzuw edýär. Aman mekdebi tamamlandan soň, Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýanyndaky opera studiýasynda okaýar. Ol okuw döwründe hatda opera aýdymçysy hökmünde “Gyzlar we guwlar” atly çagalar operasynda kirpiniň keşbini hem janlandyrýar. 1949-njy ýylda ýerli metbugatda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral sungaty institutyna okuwçy kabul edilýändigi barada bildiriş çykýar. Bu bildirişi okap, ýaňy 17 ýaşyna giren Aman begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolýar. Ol dessine drama artisti bolmagy ýüregine düwýär. Şeýlelikde, ol teatral institutynyň türkmen milli studiýasynda okap başlaýar. Bu ýerde Amanyň sungata bolan ýiti zehini has aýdyň ýüze çykyp ugraýar. Onuň aktýoryň ussatlygy sapagyndan görkezýän etýudlary, aýdym sapagyndan aýdýan labyzly aýdymlary, sazyň teoriýasyny öwrenmekde sahna hereketi sapagynda görkezýän çalasynlygy we ökdeligi mugallymlarynyň göwnünden turýar. 1954-nji ýylda Aman Gurbandurdyýew teatral instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Onuň sahna sungatyna bolan ilkinji ädimleri şowly başlanýar. Aman aga sahnada öz döredýän keşpleriniň ideýa çeperçilik babatda kämil bolmagy üçin her bir kynçylykdan, zähmetden çekinmeýär. Ol özüniň sahna döredijiligini köp taraplaýyn ösdürmek üçin arman-ýadaman irginsiz zähmet çekýär. Muňa men onuň sahnada “Bir görlen tanyş”, “Ýürek ody” ýaly spektakllardaky döreden keşplerine tomaşa edenimde has hem anyk göz ýetirdim. Baryp-ha, 1956–1957-nji ýyllardan başlap, ol Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky drama studiýada mugallymçylyk edip, artistçilik sungatynyň pedagogikasyny özleşdirmek bilen sahna sungatynyň öňbaşçysy Stanislawskiniň sistemasyny düýpli öwrenýär. Onuň tälim beren, artistlige ataran oglandyr gyzlarynyň ençemesi görnükli, tejribeli, belli sungat ussatlary bolup ýetişdiler. Olardan artistler Rejep Hojagulyýew, Baýram Orazow, Ýagşymyrat Akyýew, Orazgül Apbasowa, Ogultäç Hannyýewa, Agamyrat Amanmyradow, Gündogdy Hakgyýew, Seýit Saryýew, Ýusup Bekiýew, Ýelizaweta Garaýewa, Öwez Gelenow, Kakajan Aşyrow, Töre Annaberdiýew we beýlekiler türkmen teatr we kino sungatyna özleriniň önjeýli goşantlaryny goşan artistlerdir. Aman aganyň ir döwürler artist hökmünde teatryň sahnasynda janlandyran keşplerinden “Zöhre we Tahyr” spektaklynda Tahyryň, “Aýgytly Ädim” spektaklynda Aşyryň, “Derňewçide” Portmeýsteriň, “Jadyly nagyşlarda” Çinbarzanyň, “Çalaran başlarda” Nurmyradyň, “Aý tutulan gijesinde” Derwüşiň, “Hazynalar adasynda” Kakajanyň, “Myhmanhanadaky başagaýlykda” Koloşiniň keşpleri halkyň aňynda galan keşplerdir.
Aman Gurbandurdyýew tragediýa bilenem meşgullanyp, birnäçe drama eserlerini hem döredýär. Aman aga 1970-nji ýylda Moskwa şäherindäki ýokary režissýorçylyk kursuna okuwa girip, diplom işi üçin Şekspiriň “Romeo we Julýetta” tragediýasyny türkmen teatrynda sahnalaşdyrýar. Onuň režissýor hökmünde döreden “Hüýrlukga–Hemra”, “30-njy ýyllar”, “Joralar”, “Ýürek ýürege habar berýär”, “Agyr günler” ýaly özboluşly spektakllary teatr muşdaklarymyzyň söýgüsini gazanypdy. Ol spektakllar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen teatrynyň repertuarynyň bezegi bolýar.
Aman aga öz kärine şeýle düşünje beripdir:
— Sahnada janly keşp döretmek üçin keşbiň hem janly bolmagy zerur. Her bir gahrymanyň gapma-garşy pikirleri, ýürek galpyldyly duýgulary, aldym-berdimli wakalary başdan geçirmegi gerek. Janlandyrylýan keşp ilki bilen janly bolmaly, her bir janly adama bolsa, begenmek-gynanmak, söýmek-söýülmek, gamlanmak-şatlanmak, gowy görmek-ýigrenmek we ýene-de ençeme adamy oda salýan pikirler, duýgular gylyk-häsiýetler mahsus bolmalydyr.
Aman aganyň sahnada janlandyran keşplerini sanasaň sogaby bar. Olaryň hemmesi hakynda bir pursatda sanap geçmek asla mümkin däl. Onuň režissýor hökmünde sahnalaşdyran spektakllary hem edil şonuň ýaly. Aman aganyň sahnada janlandyran keşpleri ynsan gözelliginiň, ahlak päkliginiň, adamkärçilik sypatlarynyň iň ajaýyp nusgalary hökmünde sahna sungatynyň üsti bilen halkyň ýüreginde baky orun aldy. Şonuň ýaly-da, Aman aga filmlere ses bermegiň hem ussadydy. Onuň daşary ýurt filmlerini türkmen diline geçirmekde-de goşandy örän uludyr. Aman Gurbandurdyýewe teatr we kino sungatyny ösdürmekde bitiren işlerini, şeýle hem ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny göz öňünde tutup, 1964-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at, 1980-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at dakylýar. Şonuň ýaly-da Aman aga Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň hem eýesidir. Ol “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallary bilen hem sylaglanyldy.
Häzirki wagtda Aman aganyň bir gyzy, bir ogly, üç agtygy, dört hem çowlugy eşretli zamanymyzda sungata ykbalyny baglan atalaryna guwanyp-buýsanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, okap hem işläp ýörler. Köpleriň halypasy aktýor hem režissýor Aman Gurbandurdyýew 2011-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykýar.
Akmyrat
Hojaberdiýew,
Teatr sungatyny öwreniji.