Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň baştutanlygynda geçirilen mejlisiň barşynda gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň aýry-aýry düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu resminama Hazarda dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Gazagystanyň daşary işler ministri E.Idrisow mejlisde eden çykyşynda öz ýurdunda Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň şu formatdaky duşuşygynyň ilkinji gezek geçirilýändigini hem-de Hazarýaka bäşlisiniň döwlet Baştutanlary derejesindäki sammitine taýýarlyk görmek üçin örän amatly ýagdaý dörändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, konwensiýany işläp taýýarlamak üçin döredilen ýörite iş topary netijeli iş alyp barýar we bu ugurda ägirt uly işler amala aşyryldy.
Mejlisiň barşynda 2014-nji ýylda Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda edilen işlere baha berdiler. Kenarýaka döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanlary derejesindäki sammitiň 2017-nji ýylda Gazagystanda geçirilmegi babatda ylalaşdylar.