Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 21-nji maý Hal­ka­ra çaý gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Bu ba­ra­da BMG-niň “Tä­ze­lik­ler” saý­ty ha­bar ber­ýär.
Gel­jek on­ýyl­lyk­da ça­ýy ön­dür­me­giň hem-de sarp et­me­giň möç­be­ri ýo­kar­la­nar. Bu ýag­daý ösen ýurt­la­ryň ça­ýa bo­lan is­le­gi­niň art­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. BMG-niň Azyk we oba ho­ja­ly­k gu­ra­ma­synyň (FAO) bi­ler­men­le­ri­niň çak­la­ma­sy­na gö­rä, yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ös­ýän Hy­taý we Hin­dis­tan ýa­ly ýurt­lar­da çaý has uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Hal­kyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy bi­len ça­ýyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne, ýag­ny gök, ga­ra we ot­ly çaý­la­ra bo­lan is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar.
Öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de her ýyl gök ça­ýyň önüm­çi­li­gi 7,5 gö­te­rim, ga­ra ça­ýyň önüm­çi­li­gi bol­sa 2,2 gö­te­rim ar­tar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de iň köp çaý eks­port ed­ýän ýurt Ke­ni­ýa­dyr. Ýö­ne ýa­kyn­da Hy­ta­ýyň öňe geçmegine ga­ra­şyl­ýar. FAO-nyň bi­ler­men­le­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, çaý sag­lyk üçin hem peý­da­ly, onuň dü­zü­min­dä­ki köp san­ly peý­da­ly mi­ne­ral­lar sag­ly­gy di­kelt­mäge hem-de ar­tyk­maç ag­ram­dan sap­lan­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Ba­har Hü­se­ýi­no­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.