400 km çe­me­si uzak­lyk­da Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di adam eli bi­len dö­re­di­len iň iri des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Dür­li yl­my açyş­la­ry et­mek üçin peý­da­la­nyl­ýan bu des­ga 1998-nji ýyl­da uçu­ryl­dy. Bu des­ga ýer­de gur­lup, kos­mos­da bir­leş­di­ril­di. Için­de hü­när­men­le­riň ýa­şa­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len kos­mos be­ke­din­de dür­li ýurt­la­ryň ast­ro­nom­la­ry gys­ga wagt­lyk bol­ýar­lar. Bu iri be­ket ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň (NA­SA), Rus­si­ýa­nyň kos­mos işi bo­ýun­ça döw­let kor­po­ra­si­ýa­synyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň Kos­mos Bar­lag­la­ry Agent­li­gi­niň, Ýew­ro­pa­nyň Kos­mos Agent­li­gi­niň we Ka­na­da­nyň Kos­mos Agent­li­gi­niň gat­naş­ma­gyn­da do­lan­dy­ryl­ýar. Ol ýer­de adat­ça al­ty kos­mo­nawt bo­lup, öňün­den bel­le­nen ugur­lar­da yl­my-bar­lag­la­ry ama­la aşyr­ýar­lar. Bu ýe­riň dar­tyş­syz bol­ma­gy, ýag­ny ber­ki­dil­me­dik äh­li za­dyň, şol san­da kos­mo­nawt­la­ryň hem ho­wa­da gaý­ma­la­şyp ýör­me­gi yl­my-bar­lag­lar ge­çi­ri­len­de uly ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Bu ýer­de bol­ýan al­ty kos­mo­naw­tyň üçü­si rus­si­ýa­ly, üçü­si beý­le­ki gat­na­şy­jy ýurt­la­ra de­giş­li bol­ýar. Kos­mo­nawt­la­ryň her bi­ri ol ýer­de or­ta­ça al­ty aý bol­ýar­. Eý­sem, bu äpet gur­luş nä­hi­li tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär­kä? 24 sa­gadyň do­wa­myn­da 16 ge­zek Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ýan bu des­ga sa­gat­da 28 müň km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Bu ýer­dä­ki kos­mo­nawt­lar gün­de 16 ge­zek Gü­nüň do­gup ba­ty­şy­na syn ed­ýär­ler. Onuň tiz­li­gi se­siň tiz­li­gi­niň 23 es­se­si­ne ba­ra­bar. Ol ýe­riň da­şyn­da­ky bir aý­la­wy­ny 90 mi­nut tö­we­re­gi wagt­da ta­mam­la­ýar. Onuň bir gün­de geç­ýän ýo­ly Aýa gi­dip-ge­len ýa­ly ara­ly­ga ba­ra­bar bol­ýar. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­dä­ki as­man boş­lu­gyn­da öz or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýan hem bol­sa, ol az­da-kän­de Ýe­re go­laý­laş­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, onuň öňü­ni al­mak üçin azyk we kos­mo­nawt­la­ry äki­den kos­mos gä­mi­le­ri­niň güý­jün­den peý­da­la­nyp, ony daş­laş­dyr­ýar­lar. Ol ýer­de ula­nyl­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny bol­sa, be­ke­de ber­ki­di­len äpet uly Gün pa­nel­le­ri ön­dür­ýär.
Hä­zi­re çen­li ol ýer­de 240 kos­mo­nawt iş­läp gaýt­dy. Olar je­mi 19 ýur­duň ra­ýat­la­ry­dyr. Ola­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­tan­da dog­lan bel­li kos­mo­nawt Oleg Ko­no­nen­ko­nyň bar­dy­gy hem bel­lär­lik­li­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Ko­no­nen­ko dür­li dö­wür­ler­de kos­mos be­ke­din­de bo­lup, iň jo­gap­kär­çi­lik­li iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de bol­sa, hä­zi­re çen­li üç müň­den gow­rak yl­my iş ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ola­ryň 1800-den gow­ra­gy çap edil­di.