Şu ýyl paýtagtymyz Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryşyny geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge ygtyýar berildi.
Golaýda bolsa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň ýolbaşçylygyndaky sport wekiliýeti saparda bolup, onuň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtlarynda habar berildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, bu şanly senäniň şygary astynda dürli derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň geçiriljekdigi, hususan-da Dewisiň kubogy ugrundaky Aziýa we Okeaniýa zolagynyň tapgyrlaýyn ýaryşynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlykdan hoşaldygyny we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ähmiýeti barada belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Halkara tennis federasiýasy Dewisiň kubogy ugrunda Aziýa we Okeaniýa tapgyrlaýyn ýaryşynyň Türkmenistanda geçirilmegi we onuň guramaçylyk meseleleri barada Ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle-de, iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosiasiýasynyň Prezidenti Robin Mitçel bilen we Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleri bilen duşuşdylar.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda türkmen paýtagtynyň kabul etjek iri ýaryşlarynyň hatarynda Dewisiň kubogynyň hem ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigini buýsanç bilen nygtamak bolar. Munuň üçin, milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur!
Sülgün GARAJAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri.