Ir döwürler Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelen B.Amanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan “Mollanepes” spektaklyndaky baş keşp bolan Mollanepesiň keşbini 25 ýyldan gowrak wagtlap janlandyryp gelen, Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşikow bilen söhbetdeş bolup, onuň döredijilik ýoly bilen tanyşmagy makul bildik.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda, mekdepde okaýarkam, artist bolmak höwesi döräpdi. Meni, esasan hem, şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda görkezilýän spektakllar özüne çekýärdi. Maňa Mollanepes spektaklyndaky baş keşbi janlandyrýan artist has-da ýaraýardy. Men bu artistiň beýleki spektakllaryndaky keşplerini hem görýärdim. Emma Mollanepesi Nurmuhammet halypanyň, Bossantäji bolsa Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň janlandyryşlary, sahnada edýän hereketleri meniň häli-häzirlerem göz öňümden gidenok. Bu bolsa şol artistleriň nä derejede ussatlygyndan habar berýär.
Şeýlelik bilen men Medeniýet institutynyň drama teatrynyň režissýory bölümine okuwa girdim. Şol ýerde-de çagalykdan eden arzuwyma ýeten ýaly boldym. Çünki biziň toparymyzy aktýor ussatlygy sapagyndan Nurmuhammet Keşikow okadýardy. Ykbalyň maňa eçilen bu sowgadyna men haýran galypdym. Ol durmuşda-da edil sahnadaky ýaly medeniýetli, sypaýy adam eken. Şeýdip, meniň halypa bilen ýakyndan tanyşlygym başlanypdy.
Nurmuhammet Keşikow 1939-njy ýylda Aşgabadyň öňki Garadamak obasynda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Orta bilimi Aşgabadyň öňki 7-nji, häzirki 26-njy orta mekdebinde alýar. Ol mekdepde hereket edýän drama gurnagyna gatnaşyp birnäçe sahna oýunlaryndaky keşpleri janlandyrmaga başlaýar. Mekdepden boş wagtlary Aşgabatdaky öňki Pionerler köşgüne gatnap, ol ýerde hereket edýän drama gurnagyna gatnap çykyş eder eken. Şol ýerde belli sazanda Bäşim Lallakowdan dutarda saz çalmagy we aýdym aýtmagy hem öwrenýär. Nurmuhammet okuwdan boş wagtlary Aşgabadyň teatrlarynda görkezilýän spektakllara yzygiderli tomaşa eder eken. Ykbal ony orta mekdebi tamamlansoň 1958-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň drama teatrynyň režissýory bölümine getirýär. Ol ussat mugallym, professor B.W. Bibikowdan tälim alyp, aktýorçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini içgin özleşdirýär.
Nurmuhammet institutda okan döwründe iki sany keşbi, ýagny dramaturg R. Muhtarowyň “Täsin tebibinde” Tahyryň, ýazyjy A. Korneýçugyň “Kalina jeňňelliginde” atly pýesasynda bolsa Wasiliý Krymyň keşplerini ussatlarça döredip, talyplaň işlerini görmäge Aşgabatdan baran ussat režissýor Maşdy Gulmämmedowyň tamasyny ödeýär. Maşdy aga şonda Nurmuhammedi Mollanepes teatryna işe kabul etmeli diýen netijä gelipdir. Bu bolsa halypa režissýor toparyndan geljekki sahna ussadyna berlen uly bahady. Şeýdip, ol 1963-nji ýylda ýokary okuwy tamamlap, teatrda işe başlaýar. Oňa teatryň sahnasynda ilkinji gezek ýazyjy Beksoltan Jakyýewyň “Atanyň takdyry” atly sahna oýnunda baş gahryman Ýeňişbegiň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar.
Bu keşbi janlandyrmagyň nädip öz paýyna düşendigini ol şeýle düşündirdi:
— Men ýaňy teatra gelen günlerimde “Atanyň takdyry” atly sahna oýny dört aýlap işlenilip teatryň Çeperçilik Geňeşine tabşyrylyp, bu gün-erte halka görkezilmeli eken. Emma Ýeňişbegiň keşbinde çykyş etmeli artist duýdansyz ýagdaýda gulluga çagyrylýar. Ýeňişbegiň bolsa aýtmaly sözleri kän. Iki günüň içinde ony kim özleşdirip biler, kim başarar. Artist gözleýärler, hiç kim başaranok. Ahyrynda maňa haýyş etdiler. Menem olaryň talabyny ödejek bolup keşbi iki günüň içinde özleşdirdim. Muňa halypalar D. Oraýewiň, A. Durdyýewiň, A. Gulmämmedowyň, N. Söýünowanyň, B. Amanowyň goldawy, yhlasy, erjelligi ýardam etdi.
Nurmuhammet aganyň teatrda işlän döwri sahnada janlandyran ululy-kiçili keşpleriniň hemmesini bir pursatda agzap geçmek mümkin däl. Halypa artist diňe bir yşk mülküniň şasy Mollanepesiň keşbinde teatryň sahnasynda 25 ýyllap çykyş edipdir. Teatryň sahnasynda halypanyň zehini dürli keşplerdäki häsiýetleriň üsti bilen açylýar. Olaryň arasynda “Ykbaldaky” Durdynyň, “Otuzynjy ýyllardaky” Begenjiň, “Keýmir kördäki” Aýly Batyryň, “Hüýrlukga–Hemradaky” Hemranyň, “Gyz salgydyndaky” Myradyň, “Derňewçidäki” Mişanyň, “Gelinleriň gozgalaňyndaky” Askeriň, “Hanumadaky” Akopyň, “Aý tutulan gijesindäki” Derwişiň, “Zöhre we Tahyrdaky” Tahyryň, “Mollanepesdäki” Mollanepesiň, Annaberdi Agabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Bir görlen tanyşdaky” Şerip Tagan ýaly sahna gahrymanlary teatr muşdaklarymyzyň ýüreklerinde orun alan keşplerdir. Halypa artistiň “Bir görlen tanyş” oýnunda janlandyran Şerip Tagany meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz. Bu sahna oýny bilen teatryň döredijilik topary etraplaryň birinde iş saparynda bolup, oba adamlarynyň öňünde çykyş edip bolanlaryndan soň, halypanyň ýaramaz gylykly, bet pälli Şerip Taganyň keşbini ussatlarça döredenligi üçin sada oba oglanlarynyň birnäçesi oýundaky wakalara çyndyr öýdüp, oýun gutarandan soň, ondan ar almak üçin hyýallanypdyrlar. Janlandyrýan keşbini şonuň ýaly ynandyryjy edip tomaşaça ýetirip bilmek diňe zehinlere başardýar. Şonuň üçin bolsa gerek ýurdumyzyň sungat işgärleri köpleriň halypasy, sahna ussady, aktýor hem režissýor, pedagog Nurmuhammet Keşikowa sahna sungatynyň kerwenbaşysy hökmünde uly sarpa goýýarlar. Halypa türkmen teatrynyň ägirtleri A. Gulmämmedow, M. Gulmämmedow, B. Amanow, M. Çerkezow, S. Myradowa, S. Ataýewa ýaly sahna ussatlary goldaw beripdirler.
N. Keşikow dürli ýyllarda, dürli ýerlerde zähmet çekmek bilen, Marynyň Kemine, Daşoguzyň Andalyp, Aşgabadyň öňki Ýaş tomaşaçylar, öňki Magtymgulynyň adyny göteren opera we balet hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynda zähmet çekýär. Şonuň ýaly-da ussat halypa dürli ýyllarda Türkmen telewideniýesinde, “Türkmenfilm” kinostudiýasynda hem özüniň ýiti zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezýär.
Nurmuhammet halypa teatrda işlände esasy işiniň daşyndan teatryň ýanynda hereket eden teatr studiýada mugallymçylyk hem edýär. Ol studiýanyň okuw müdiri wezipesinde hem işleýär. Şondan soň halypa öňki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň aktýorlary taýýarlaýan bölümine işe çagyrylýar. 1992-nji ýyldan bäri bolsa, Nurmuhammet Keşikow Türkmen döwlet medeniýet institutynda işläp gelýär. Bu ýerde ol ilki kafedra müdiri, soň fakultetiň dekany wezipelerinde işleýär. Ýokary tejribeli pedagog ýüzden gowrak talyba öz aktýorçylyk ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwredýär. Ol mugallymçylyk kärine-de özüniň uly goşandyny goşýar. Halypanyň şu günki güne çenli sungat ýoluna ataran talyplarynyň sany 150-den hem geçýär. Şolaryň içinde ýurdumyza belli artistler, teatr we kino aktýorlary, belli medeniýet we sungat işgärleri-de bar.
Nurmuhammet halypa režissýor hökmünde-de ençeme spektakllara we telewizion oýunlara režissýorlyk edýär. Halypa 1984-nji ýylda ýene-de Moskwa gidip, öňki okan Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynda ýokary režissýorçylyk kursuny okap gelýär. Ol režissýor hökmünde-de sahnada “Japbaklar”, “Ajaýyp tebip”, “Soňky ok”, “Aý tutulan gijesi”, “Çatynjalar”, “Gara almaz” ýaly birnäçe spektakllary sahnalaşdyrýar. Onuň ekran arkaly taýýarlan “Gögeýin”, “Höküm güýjünde galýar”, “Gyz salgydy”, “Ýusup owgan” ýaly filmleri bolsa tomaşaçylaryň göwnünden turan filmler bolupdy. Halypanyň dürli ýyllarda ýurdumyzyň halk teatrlarynyň we çeper höwesjeňler, folklor toparlaryna hem özüniň kömek -goldawyny berendigini hem belläp geçesimiz gelýär.
Döredijilik meýdanyna aralaşan ilkinji gününden başlap, şu günki güne çenli teatr sungaty, çeper höwesjeňlik döredijiligini, halk baýramçylyklaryny dikeltmekde, türkmen milli folklor toparlaryny döretmekde we ösdürmekde halypanyň goşan goşandy örän uludyr. Şeýle asylly işe özüniň altmyş ýyldan gowrak wagtyny bagyş eden halypanyň ýurdumyzyň islendik künjeginde şägirtleri bar. Şeýle zehiniň bir adamda jemlenmegi bolsa onuň zähmetsöýerliginden, janypkeşliginden habar berýär. Nurmuhammet agada üç sany esasy häsiýetler jemlenen — ýiti zehin, zähmetsöýerlik we adamkärçilik — şu häsiýetleriň hemmesi halypanyň döredijilik işinde şöhlelenýär. Halypa bu häsiýetleri diňe bir döreden keşpleriniň üsti bilen teatr muşdaklaryna ýetirmän, eýsem, ol ýaş medeniýet-sungat işgärlerini taýýarlamakda-da uly abraýa eýedir. Ol özüniň tälim berýän talyplaryna-da zehinini, zähmetsöýerligini, adamkärçilik sypatlaryny siňdirip, olar bilen yzygiderli spektakllary sahnalaşdyryp durýar. Halypa ýerlerde taýýarlanan sahna oýunlaryna seretmek bilen, olaryň kemçilikleri, üstünlikleri barada durup geçip, aktýorlaryň keşplerini ýerine ýetirişlerinde, spektakllaryň režissurasynda, sahna we saz bezeginde bar bolan kemçilikleri ýüze çykaryp, olary düzetmegiň ýollaryny salgy berýär. Şonuň üçinem, halypanyň baran ýerindäki çeper höwesjeňler toparlary özboluşly mekdebe öwrülýärler.
Köpleriň halypasy Nurmuhammet Keşikow 1980-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 1992-nji ýylda bolsa, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Professorlyk derejesine hem mynasyp bolan halypa 1996-njy ýylda Türkmenistanyň ussat mugallymy diýen belent ada, 2010-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly medaly we dürli ýyllarda ýubileý medallary bilen sylaglanýar. 2018-nji ýylda bolsa halypanyň “Aktýorlary terbiýelemegiň usuly we esasy ugurlary” atly kitaby çapdan çykdy.
Döredijilik ýollaryny nazarlap, häzirki wagtda hem aramyzda zähmet çekip, talyplara bilim bermegini dowam edýän, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň alymlar Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň agzasy bolan halypanyň pikirleri, maslahatlary şu günki ýaş talyplara diýseň gymmatly mekdepdir. Çünki pederlerimiz aýtmyşlaýyn “Halypa ýoly — halallyk ýoly”.
Türkmen teatr sungatynyň kerwenbaşylarynyň biri, Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşikow häzirki wagtda asuda, parahat Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, kesbi-kärine, oguldyr-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna, öz çagalaryndan kem görmeýän talyplaryna guwanyp aramyzda ýaşap hem işläp ýör. Ol biziň bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň, medeniýet, sungat, teatr, kino, döredijilik işgärlerine goýýan sarpasy üçin, özüniň alkyşyny aýtmak bilen döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Bizem halypa, mundan buýana-da döredijilik äleminde rowaçlyklary arzuw edýäris!
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm”
birleşiginiň hünärmeni.