Ýapon awtoulag ägirdi “Toyota” has ygtybarly ulaglary öndürmek üçin täze ulgamy işläp düzýär. Häzire çenli diňe 10 million ulaga oturdylan “Safety Sense” atly ýokary ygtybarlylykly ulgam arkaly ýüze çykyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň öňi alynýar. 3 ýyldan gowurak wagtdan bäri kompaniýanyň ulaglaryna oturdylýan “Safety Sense” arkaly heläkçilikleriň dolulygyna aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Ol ýol-ulag hadysalarynyň öňüni alýar hem-de onuň täsirini azaldýar. 2015-nji ýylda taýýar edilen bu ulgam şu ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýada 3 million we Demirgazyk Amerikada 5 million awtoulaga oturdylar. Ilkinji gezek “Corolla” modelinde oturdylan “Safety Sense” häzirki wagtda öndürilýän “Toyota”-nyň hemmesinde diýen ýaly bar. Bu ulgam gijesine we gündizine öňdäki urgynyň öňüni alyjy ulgam (PCS), tizligi deňleşdiriji (ACC), çyzgyny yzarlaýjy (LDA) we awtomat uzyn çyralar (AHB) tehnologiýasyny özünde jemleýär.
Leýla Pahraddinowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.