Dür alyn­ýan ba­lyk­gu­lak­lar Hin­di um­ma­nyn­da, Pars aý­la­gyn­da, Şri-Lan­ka­nyň ke­nar­la­ryn­da, Ýu­waş um­ma­nyn­yň Ýa­po­ni­ýa­dan Awst­ra­li­ýa çen­li ara­ly­gyn­da, Ka­li­for­ni­ýa­nyň ke­nar­la­ryn­da ýa­şa­ýar­lar. Seý­rek duş gel­ýän ga­ra reňk­li dür­ler bol­sa, Mek­si­ka aý­la­gyn­da­ky ba­lyk­gu­lak­lar­dan alyn­ýar. Su­was­ty akym­la­ryň bar bo­lan ýer­le­rin­dä­ki ba­lyk­gu­lak­lar­dan has ýo­ka­ry hil­li dür alyn­ýar. Se­bä­bi, şeý­le ýer­ler­de aras­sa suw we bol iý­mit bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ba­lyk­gu­lak­lar­dan dür al­mak mak­sa­dy bi­len fer­ma­lar dö­re­di­lip­dir. Bu ýer­de ba­lyk­gu­lak­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ýö­ri­te şert­ler bar.

Ba­lyk­gu­lak­lar moll­ýusk­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, ýy­ly suw­ly de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bu jan­dar­la­ryň pyş­ba­ga­nyň­ky ýa­ly iki sa­ny ça­na­gy bol­ýar. Onuň aşa­gyn­da­ky ça­na­gy has çuň we uly, ýo­kar­ky­sy ki­çi­räk we ýal­pag­rak bol­ýar. Ba­lyk­gu­lak­lar su­wuň aky­my­na gö­rä az­da-kän­de süý­şäý­me­se­ler, öz­baş­dak he­re­ket et­me­ýär­ler. Ola­ryň aýa­gy we kel­le­si bol­ma­ýar. Ola­r ça­nak­la­ry­nyň açy­lyp-ýa­pyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de suw­da­ky ow­nu­jak ösüm­lik­le­ri we jan­dar­la­ry iý­mek ar­ka­ly iý­mit­len­ýär­ler. Ba­lyk­gu­lak­lar kä­bir ýurt­lar­da iý­mit hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Ola­ryň duş­man­la­ry­nyň ara­syn­da de­ňiz ýyl­dyz­la­ry, ba­lyk­lar we os­mi­nog­lar ýa­ly jan­dar­lar bar. Su­was­ty te­bi­ga­tyň baý ýer­le­rin­de ba­lyk­gu­lak­lar 50 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.