Ýa­po­ni­ýa­nyň alym­la­ry öý haý­wan­la­ry­nyň pikirini okamak üçin ula­nyp bol­jak ýö­ri­te en­jam­la­ry dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, ylym we teh­no­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň ylym ba­ra­da­ky tä­ze ki­ta­by çap edil­di. Şol ki­tap­da öňü­miz­dä­ki 20 ýy­lyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ba­ra­da çak­la­ma­lar göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Şol ki­tap­da gel­jek­de adam­la­r öý haý­wan­la­ry­na do­ly dü­şü­nip bi­ler­ler diý­lip hem bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Gel­jek­de hü­när­men­le­riň neý­ro­komp­ýu­ter in­ter­feý­si­ni (NKI) oý­lap tap­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Alym­la­ryň iş­läp düz­jek en­jam­la­ry di­ňe bir haý­wan­lar bi­len gür­leş­mek üçin däl, eý­sem, ola­ryň pi­kir­le­ri­ni hem bil­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni Kio­to uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry To­si­ta­ka Sud­zu­ki we Ýu­ki­ýa­su Ka­mi­ta­ni, Ösen se­na­gat yl­my we teh­no­lo­gi­ýa mil­li ins­ti­tu­ty­nyň aly­my Re­heý Ha­se­ga­wa, şeý­le hem Ösen te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa göz­leg­le­ri­niň hal­ka­ra ins­ti­tu­ty­nyň we­kil­le­ri alyp ba­rar­lar.
Gülälek NURMUHAMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.