Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Altyn asyr” topary ýeňiji boldy. Aragatnaşykçylar finalda “Ahal” topary bilen duşuşdy. Turuwbaşdan oýnuň jylawyny elinde saklan “Altyn asyr” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary 12-nji minutda penaltiden Serdar Geldiýew, 32-nji minutda Mihail Titow hem-de 70-nji minutda Begençmyrat Myradow derwezä girizdi. Şunlukda, “Altyn asyr” topary 2009-njy, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllardan soň, 4-nji gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy. “Altyn asyr” topary golaýda tamamlanan milli çempionatymyzda-da çempionlyk gazanyp, kubok ýaryşyndaky ýeňşi bilen şol çempionlygyň üstüni ýetirdi.