Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan iki ge­zek bi­ra­gyz­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let­dir. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä de­re­je­sin­de da­ba­ra­lan­ýan za­ma­na­sy­dyr. Paý­tag­ty­myz­da “Türk­me­nis­tan –
Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” at­ly hal­ka­ra fo­to­ser­gi hem-de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da şan­ly se­nä – he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp gu­ra­lan ser­gi­de ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry döw­let­le­riň su­rat­keş­le­ri­niň, fo­to­su­rat­çy­la­ry­nyň hem-de ha­bar­çy­la­ry­nyň iş­le­ri gör­ke­zil­di.
Ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň ta­ny­mal dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Çy­kyş eden­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk we hemişelik Bi­ta­rap­lyk eý­ýa­my türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ru­hy taý­dan gül­läp ösü­şiň döw­rü­ne öw­rü­lip, ol dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ata Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­na tä­ze aja­ýyp iş­le­ri dö­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyr­lar­bo­ýy pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, dö­re­di­ji­lik we hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz ed­ýän türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak­da gör­nük­li or­ny bel­le­nil­di.
Fo­to­ser­gi gün­de­lik dur­muş­da­ky aý­dyň we tä­sir­li pur­sat­la­ry, hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp­le­ri­ni gör­kez­mä­ge, ola­ry ser­gä ge­len­le­re öz­bo­luş­ly gör­nüş­de ýe­tir­mä­ge ukyp­ly bo­lan fo­to­su­rat­çy­la­ryň ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­di. Da­şa­ry ýurt­ly aw­tor­la­ryň us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy gö­zel­lik­ler, bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly su­rat­la­ry bar. Bu ýer­de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi aýaw­ly sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bi­ze no­bat­da­ky ge­zek ýat­lad­ýan tä­sin iş­le­ri gör­mek bol­ýar.
Fo­to­ser­gi paý­tag­ty­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­gyň me­ka­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy.
Hal­ky­my­zyň ta­ry­hy, onuň baý me­de­ni­ýe­ti hem-de kö­pa­syr­lyk däp­le­ri, şeý­le hem Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ser­gi­de hor­mat­ly Prezidentimiziň iş­le­ri aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Mil­li şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň iň go­wy däp­le­rin­de dö­re­di­len iş­ler, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ke­ra­mi­ka we heý­kel­ta­raş­lyk nus­ga­la­ry, ha­ly önüm­le­ri ser­gi­niň esa­sy­ny dü­züp, ta­ny­mal türk­men us­sat­la­ry, şeý­le hem ýaş ze­hin­ler ola­ryň aw­tor­la­ry bo­lup dur­ýar­lar. Bu­la­ryň hem­me­si türk­men hal­ky­nyň hä­zir­ki ta­ry­hy­nyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.
Şeý­le hem wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­hat fo­to­ser­gi­niň do­wa­my­na öw­rül­di. Oňa Ow­ga­nys­ta­nyň, Bel­gi­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Ko­re­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Öz­be­gis­ta­nyň we beý­le­ki döw­let­le­riň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýän­di­gi­ni, halk­la­ryň dost­lu­gy­nyň bol­sa ro­waç­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň, ösü­şiň we tä­ze iş­le­riň gi­re­wi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny anyk iş­ler bi­len tas­syk­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Annamyrat MEREDOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň ta­ly­by.