Hin­dis­tan 2022-nji ýy­la çen­li öz kos­mo­nawt­la­ryn­dan yba­rat to­pa­ry älem gi­ňiş­li­gi­ne iber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di 15-nji aw­gust­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­len Hin­dis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
– Men 2022-nji ýyl­da Hin­dis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 75 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram edil­ýän se­ne­sin­de älem gi­ňiş­li­gi­ne öz kos­mo­naw­tlary­my­zy iber­jek­di­gi­miz ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ry uly buý­sanç bi­len si­ze ýe­tir­ýä­rin. Hin­dis­ta­nyň og­ly ýa-da gy­zy älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar. Hin­dis­tan­ly alym­la­ryň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­rin. Alym­la­ry­my­zyň bi­zi be­gen­dir­jek­dik­le­ri­ne ynan­ýa­ryn. Olar şu wag­ta çen­li älem gi­ňiş­li­gi­ne 100-den gow­rak eme­li hem­ra­ny uçur­dy­lar. Şeý­le hem Mars pla­ne­ta­sy­ny öw­ren­mek işi­ni hem ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler – di­ýip, Na­rend­ra Mo­di gür­rüň ber­di.
Hin­dis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan gü­nün­den bä­ri, özü­niň kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny iş­jeň ös­dür­ýär. Bu ugur­da­ky iş­ler ýur­duň hö­kü­me­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky kos­mos bar­lag­la­ry eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry we hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar gö­nü­den-gö­ni bu mak­sat­na­ma­nyň işi­ne gat­naş­ýar. Hin­dis­ta­nyň Mil­li kos­mos bar­lag­la­ry ko­mi­te­ti (IS­RO) kos­mos teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­mek işi­ni ut­ga­şyk­ly alyp bar­ýar. Olar hä­zir­ki wag­ta çen­li kos­mos en­jam­la­ry­ny, ska­fandr­la­r we ast­ro­nawt­lar üçin iý­mit­le­ri ön­dür­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, öz älem ulag­la­ry­ny dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Hin­dis­ta­nyň älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan esa­sy tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri “Çand­ra­ýan-2” tas­la­ma­sy­dyr. Onuň çäk­le­rin­de Aýa aw­to­ma­tik be­ke­di iber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. “Çand­ra­ýan-2” en­ja­my Hin­dis­ta­nyň Aýy öw­ren­mek mak­sat­na­ma­sy­ny do­wam et­di­rer. “Çand­ra­ýan-1” en­ja­my 2008-nji ýyl­da Aýa uçu­ry­lyp­dy. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Aýa ki­çi­räk lu­no­ho­dy gondurmak mak­sat edi­nil­ýär. Hä­zi­re çen­li Aýa Rus­si­ýa, Hy­taý we ABŞ üstünlikli go­nu­şy ama­la aşyr­dy. Hin­dis­tan as­man gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek­de bu ýurt­lar bi­len bäs­deş­lik eder.