Köp ilatly iri şäherlerde awtoulaglaryň, zawod-fabrikleriň we beýleki desgalaryň köp bolmagy howanyň hem hapalanmagyna getirýär. Awtoulag öndüriji kompaniýalar howadaky bölejikleriň ulagyň içine girmeginiň öňüni alýan ulgamy işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda ulanylýan serginledijiler hem hapa bölejiklerini ulagyň içine goýbermeýär. Emma inženerler ulagyň içini has arassa howa bilen üpjün etmegiň aladasyny edýärler. Hytaýyň “Geely” kompaniýasy şu maksat bilen 52 million dollarlyk täze taslamany durmuşa geçirip başlady. “G-Clean” atly ýörite howa süzgüji howadaky ähli bölejikleri, bakteriýalary we beýleki mikro ölçegdäki zatlary arassalar. Adamlar iş bilen baglanyşykly öz wagtynyň köp bölegini ulagynda geçirmeli bolýar. Şol sebäpli inženerler howany dolulygyna arassalap, ulagyň içine goýberýän ulgamy döretmegiň aladasyny edýärler. Taslamanyň çäklerinde ulagyň has köp ellenýän ýerlerini antibakterial materiallardan ýasamak hem nazara alnypdyr. Hytaýyň SAIC, GAC ýaly iri awtoulag öndürijileri hem şeýle ulaglary öndürmegiň aladasyny edýär. 2015-nji ýylda “Tesla” kompaniýasy howadaky ownujak bölejikleri we tozgajyklary arassalaýan ulgamy öz ulaglarynda oturdypdy. Bilermenler geljekde dizaýn edilende şeýle ulaglara islegiň has ýokary boljakdygyny belleýärler.