Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Huawei Technologies” 2018-nji ýylda 200 milliondan gowurak smartfon satdy. Bu barada “The Washington Post” gazeti habar berýär.
“Huawei” kompaniýasy ululygy boýunça dünýäde ikinji smartfon öndüriji bolup, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, onuň satuwy 30 göterimden gowurak artypdyr. Kompaniýanyň rekord derejedäki eksporty belli bir derejede “P20”, “Honor 10” we “Mate 20” smartfonlaryna bolan islegiň artmagy bilen baglydygy aýdylýar. 2018-nji ýylda “Huawei” smartfon söwdasy boýunça “Apple”-den hem ozduryp, bu ugurda “Samsung”-dan öňe geçip bilmedi.