Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy beý­le­ki ýurt­lar­yň mil­li ka­gyz pul­la­ry­ny çykarmak üçin iri sar­gyt­la­ry ka­bul ed­ýär. Bu ugur­da­ky köp sar­gyt­lar, esa­san hem, Hy­ta­ýyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän “Bir zo­lak – bir ugur” tas­la­ma­sy­na gat­na­şy­jy ýurt­lar­dan gel­ýär. Hy­ta­ýyň ka­gyz pul­la­ry çykarýan çap­ha­na­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­ýär. Hy­ta­ýyň döw­let gym­mat ba­ha­ly ka­gyz­la­ry çap et­mek we zik­ge­le­mek kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Lýu Guý­şe­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, ýurt­da mun­dan ozal da­şa­ry ýurt pul­la­ry çap edil­män­di. 2013-nji ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ril­mä­ge baş­la­nan “Bir zo­lak – bir ugur” baş­lan­gy­jy­nyň üs­tün­den 2 ýyl ge­çen­den soň­ra Hy­taý­da da­şa­ry ýurt pul­la­ry çap edil­mä­ge baş­lan­dy. Il­ki­baş­da Ne­pa­lyň 100 ru­pi­ýa möç­be­rin­dä­ki ka­gyz pul­la­ry çy­ka­ryl­dy. Soň­ra kor­po­ra­si­ýa Tai­land, Bang­la­deş, Şri-Lan­ka, Ma­laý­zi­ýa, Bra­zi­li­ýa we Hin­dis­tan ýa­ly ýurt­lar­dan sar­gyt­la­ry ka­bul edip baş­la­dy.
Kor­po­ra­si­ýa­nyň esa­sy mer­ke­zi Pe­kin şä­he­rin­de ýer­le­şip, ýur­duň dür­li kün­je­gin­de on­lar­ça çap­ha­na­sy he­re­ket ed­ýär. Onuň iş­gär­le­ri­niň sa­ny 18 mü­ňe ba­ra­bar­dyr. Bu ugur­da iş alyp bar­ýan beý­le­ki iri kor­po­ra­si­ýa­dyr kom­pa­ni­ýa­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ABŞ-nyň Ne­şir­ýat mer­ke­zin­de 2 müň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “De La Rue” kom­pa­ni­ýa­syn­da 3,1 müň adam iş­le­ýär. Şu wag­ta çen­li dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ka­gyz pul­la­ry, esa­san hem, Gün­ba­tar ýurt­la­ryn­da çap edil­ýär­di. Me­se­lem, “De La Rue” kom­pa­ni­ýa­sy 140 ýur­duň mil­li pu­lu­ny çap ed­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Gie­secke & Devrient” şe­re­ke­ti 60 ýur­da hyz­mat edýär. Hä­zir Hy­taý hem bu ba­zar­da bäs­deş­li­gi do­wam et­dir­ýär. Hy­ta­ýyň “Zhongchao Special Securi­ty Techno­lo­gy” kom­pa­ni­ýa­sy 2017-nji ýyl­da ka­gyz pul­la­ry üçin go­rag se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Bu ba­zar­da Hy­ta­ýyň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy hyz­matlaryň ba­ha­sy­nyň ar­zan bol­ma­gy­dyr.