Hytaýyň döwlet awtoulag kompaniýasy Günorta Afrika Respublikasynda täze awtoulag zawodyny gurmagy göz öňünde tutýar. Onuň umumy bahasy 819 million dollara barabar bolar. Täze önümçilik kärhanasy Afrika yklymynyň ykdysady taýdan çalt depginlerde ösýän ýurdunda ýeňil senagatyň ösmegine saldamly goşant goşar.
“Beijing Automotive International Corp. (BAIC)” kompaniýasy “Coega Development Corporation” şereketi bilen degişli ylalaşyga gol çekişdi. Bu şertnama geçen ýylyň dekabr aýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Jeýkob Zuma bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar esasynda baglaşyldy.
Günorta Afrikada awtoulag senagatyny ösdürmek üçin degişli işler geçirilýär. Munuň üçin “Toyota Motor Corp.”, “Ford Motor Co.” we “BMW AG” kompaniýalary bu bazara çekilýär. Ýurduň senagatynda 2020-nji ýyla çenli her ýylda awtoulag önümçiligini 900 müňe ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.