Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­mak üçin ýüz tut­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Lu Kan met­bu­gat ýyg­na­gyn­da ha­bar ber­di.
– Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Wan Çao öz ýurdunda saparda bolýan Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Wil­li­am Leý­si Swing bi­len du­şuş­dy. Şol du­şu­şyk­da Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wan Iniň gol çe­ken hal­ka­ra gu­ra­ma ag­za bol­mak ba­ra­da­ky ha­ty­ny gow­şur­dy – di­ýip, Lu Kan gür­rüň ber­di. Şeý­le hem ol Baş di­rek­tor Wil­li­am Swin­giň Hy­ta­ýyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň bu baş­lan­gy­jy­ny uly ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul eden­di­gi­ni mä­lim et­di.
2001-nji ýyl­dan bä­ri bu hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ýyg­nak­la­ry­na syn­çy hök­mün­de gat­naş­ýan Hy­ta­ýyň ag­za bol­ma­gy netijesinde, onuň mun­dan soň­ky iş­le­ri­ne has ýyg­jam gat­naş­jak­dy­gy aý­dyl­dy. Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­sy 1951-nji ýyl­da dö­re­dil­di we ol mig­ra­si­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri bi­len bir ha­tar­da, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Onuň dü­zü­min­de 146 döw­let bar. 100-den gow­rak döw­let­de we­kil­ha­na­sy bolan gu­ra­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si – äh­lu­mu­my bäh­bit­le­riň ha­ty­ra­sy­na iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak­dan yba­rat.