7-nji ýanwarda Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň görkezmesi bilen Kansler Sebastýan Kursuň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi. Dabara Kansleriň edara binasynda geçirildi. Ministrler Kabinetiniň başlygy hökmünde Kurs eýýäm ikinji gezek hökümete ýolbaşçylyk edýär.
Awstriýanyň halk partiýasynyň Lideri Sebastýan Kurs we “Ýaşyllar” partiýasynyň başlygy Werner Kogler 1-nji ýanwarda bilelikdäki hökümeti düzmek boýunça ýeke-täk pikire geldiler. Şeýlelikde, Awstriýada Täze ýyl täze hökümet gurmak bilen başlandy. Sebastýan Kurs gazanylan ylalaşyga ýokary baha berip, geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny belledi. Bu ýagdaý Sebastýan Kursa hökümet düzmäge we Awstriýanyň Kansleri wezipesine dolanmaga mümkinçilik berdi.
33 ýaşly Kurs sentýabr aýynda geçirilen ählumumy saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, Awstriýanyň “Ýaşyllar” partiýasy bilen noýabr aýynda gepleşik geçirip başlapdy. Nobatdan daşary parlament saýlawlarynda iki partiýa bilelikde 97 orna eýe bolupdy. Awstriýanyň parlamentinde bolsa, jemi 183 kürsi bar. Mundan ozal, Kursuň partiýasy ultrasagçylar bilen birlikde ýurdy dolandyrypdy. Bileleşen täze hökümetde 10 ministr halk partiýasyndan, dördüsi bolsa, “Ýaşyllar” partiýasyndan bolar.
_osce_org__id12575_650x410_id12575_650x410_2_650x410.tif