UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 2019–2020 möw­sü­mi­niň to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Şun­luk­da, ýa­ry­şy do­wam et­dir­jek 16 to­par bel­li bo­lup, olar PSŽ, “Re­al Mad­rid”, “Ba­wa­ri­ýa”, “Tot­ten­ham”, “Man­çes­ter Si­ti”, “Ata­lan­ta”, “Ýu­wen­tus”, “At­le­ti­ko Mad­rid”, “Li­wer­pul”, “Na­po­li”, “Bar­se­lo­na”, “Bo­rus­si­ýa D”, “Le­ip­sig”, “Li­on”, “Wa­len­si­ýa”, “Çel­si” to­par­la­rydyr. Ikin­ji tap­gy­ra çy­kan klub­la­ryň 16-sy 5 ýur­da we­kil­çi­lik ed­ýär. Ýag­ny Is­pa­ni­ýa­dyr Ang­li­ýa­dan 4, Ita­li­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa­dan 3 hem-de Fran­si­ýa­dan 2 klub ikin­ji tap­gy­ra ýol­lan­ma al­dy.

1/8 fi­na­lyň bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy hep­dä­niň

du­şen­be gü­ni, has ta­ky­gy, 16-njy de­kabr­da ge­çi­ri­ler.

“A” to­par­ça­da PSŽ öz meý­dan­ça­syn­da “Ga­la­ta­sa­ra­ýy” 5–0, “Re­al Mad­rid” bol­sa, myh­man­çy­lyk­da “Klub Brýug­ge­ni” 3–1 ýeň­di. “B” to­par­ça­da “Ba­wa­ri­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da “Tot­ten­ham­dan” 3–1 üs­tün çy­kyp, to­par­ça­da­ky 6-njy du­şu­şy­gy­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Ol şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zen 6-njy to­par bol­dy. “C” to­par­ça­da “Man­çes­ter Si­ti” Gab­ri­el Že­su­syň het-trik (30, 50, 54) eden oý­nun­da Zag­re­biň “Di­na­mo­sy­ny” 4–1 ut­dy. Myh­man­çy­lyk­da “Şaht­ýor Do­nes­ki” 3–0 (Kas­tan­ýe 66, Pa­şa­liç 80, Go­sens 90+4) ha­sa­byn­da utan “Ata­lan­ta” il­kin­ji ge­zek gat­na­şan ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. “D” to­par­ça­da­ky 2 oýun hem bir­meň­zeş ha­sap­da ta­mam­la­nyp, “Lo­ko­mo­ti­wi” Fe­liks (17 p) we Fe­li­pe­niň (54) gol­la­ry bi­len “At­le­ti­ko” ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da “Ba­ýe­ri” Ro­nal­do (75) we Hi­guai­niň (90+2) gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

“E” to­par­ça­da “Li­wer­pul” bi­len “Na­po­li” to­par­la­ry­na soň­ky tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­mak kyn düş­me­di. Ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si “Li­wer­pul” myh­man­çy­lyk­da “RB Sals­bug­ry” Kei­ta we Sa­la­hyň 57-nji hem-de 58-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ýe­ňip, to­par­ça­da 1-nji ýe­ri eýe­le­di. “Na­po­li” bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da “Gen­ki” 4–0 (Mi­lik 3, 26, 38 p, Mer­tens 75 p) ut­dy. Du­şu­şyk­da Ar­ka­di­uş Mi­lik het-trik et­di. “F” to­par­ça­da esa­sy dü­züm­de ýaş oýun­çy­la­ry bi­len meý­dan­ça çy­kan “Bar­se­lo­na” myh­man­çy­lyk­da “In­te­ri” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Gol­la­ry to­pa­ryň ýaş oýun­çy­la­ry Çar­les Pe­rez (23) bi­len An­su Fa­ti (86) der­we­zä gi­riz­di. 1959-njy ýyl­dan bä­ri “In­te­ri” myh­man­çy­lyk­da il­kin­ji ge­zek ýe­ňen “Bar­se­lo­na” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly der­we­zä gi­ri­zen Fa­ti Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da ta­pa­wut­la­nan iň ýaş fut­bol­çy bol­dy (17 ýaş 40 gün). Bu ýeň­liş­den soň “In­ter” Ýew­ro­pa li­ga­syn­da çy­kyş et­se, onuň or­nu­na “Sla­wi­ýa­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. “G” to­par­ça­da öz meý­dan­ça­syn­da “Le­ip­sig” bi­len 2–2 deň­me-deň oý­nan “Li­on” 2-nji ýe­ri eýe­läp, ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. “Le­ip­sig” Fors­berg we Wer­ne­riň pe­nal­ti­den ge­çi­ren gol­la­ry bi­len öňe saý­lan­sa-da, jan­kö­ýer­le­riň gol­da­wy­ny alan “Li­on” Aouar hem-de De­pa­ýyň ta­pa­wut­lan­ma­gyn­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Bu tap­gyr­dan öň 2-nji orun­da bar­ýan “Ze­nit” myh­man­çy­lyk­da “Ben­fi­ka­dan” 3–0 as­gyn ge­lip, Ýew­ro­ku­bok­la­ryň da­şyn­da gal­dy.

ÝA­RYM FI­NAL­ÇY ÝA­RYŞ­DAN ÇYK­DY

“H” to­par­ça­da 6-njy oýun­lar­dan öň bi­rin­ji bas­gan­çak­da bar­ýan, ge­çen möw­sü­miň ýa­rym fi­nal­çy­sy “Aýaks” ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýa­ryş­dan çyk­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da “Wa­len­si­ýa­dan” 1–0 as­gyn ge­len “Aýaks” ýo­lu­ny Ýew­ro­pa li­ga­syn­da do­wam et­di­rer. Is­pan to­pa­ry­na ýe­ňiş ga­zan­dy­ran ýe­ke-täk pök­gi­ni 24-nji mi­nut­da Rod­ri­go der­we­zä gi­riz­di. “Çel­si” bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da “Lill” to­pa­ry­ny Ab­ra­ham we Az­pi­li­kue­ta­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ut­dy we to­par­ça­da 2-nji ýe­ri eýe­läp, 1/8 fi­na­la ýol­lan­ma ga­zan­dy.