Hin­dis­tan­ly alym­lar dür­li dö­wür­ler­de adam­la­ryň dür­li ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­ýän iç­gi­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy­lar. Bu ba­ra­da “Ti­mes Now” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Im­mun ul­ga­my­ny güýç­len­dir­mek üçin be­de­ne wi­ta­min­le­riň we mi­ne­ral­la­ryň yzy­gi­der­li ka­bul edil­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Luk­man­lar möw­süm­le­re gö­rä, im­mun ul­ga­my güýç­len­dir­ýän iň oňat 7 iç­gi­ni mas­la­hat ber­ýär.
Al­ma­dan, kä­şir­den we apel­sin­den taý­ýar­la­nan mi­we şi­re­si: hin­di hü­när­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, ola­ryň ula­nyl­ma­gy an­ti­ok­si­dant tä­sir­le­ri bo­lan A we C wi­ta­min­le­ri­niň köp bol­ma­gy se­bäp­li im­mu­ni­tet ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu iç­gi­ler be­den üçin ze­rur bo­lan ka­liý muk­da­ry­ny öz içi­ne al­ýar.
Pyrtykaldan we greýpf­rut­dan taý­ýar­la­nan mi­we şi­re­si: bu şi­re­ler adam be­de­nin­dä­ki C wi­ta­mi­ni­niň muk­da­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Onuň ada­myň im­mun ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýän­di­gi köp san­ly yl­my we luk­man­çy­lyk sel­jer­me­le­rin­de mä­lim edil­di. “An­nals of Nut­ri­ti­on & Me­ta­bo­lism” žur­na­lyn­da­ky sel­jer­me­le­re gö­rä, bu wi­ta­min so­wuk­la­ma gar­şy gö­reş­mek­de mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem ol beý­le­ki ke­sel­ler üçin hem peý­da­ly­dyr.
Po­mi­dor şi­re­si: bu şi­re A we C wi­ta­min­le­ri­ne baý­dyr. Onuň dü­zü­min­de fo­li tur­şu­sy bo­lup, ol hem adam be­de­ni­niň dür­li ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Şu­gun­dyr­dan, kä­şir­den we zenjebilden taý­ýar­la­nan iç­gi: şeý­le ga­ryn­dy be­de­ni A, C, E, de­mir, kal­siý wi­ta­min­le­ri bi­len üp­jün ed­ýär.
Ene­jan NUR­MÄM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-
teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.