Ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len adam­lar dynç al­mak üçin gö­zel te­bi­gat­ly ýer­le­re gi­dip baş­la­ýarlar. Has go­wy dynç al­mak üçin bol­sa, aras­sa ho­wa­ly de­ňiz ke­nar­la­ry amat­ly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi de­ňiz ke­na­ry­nyň ho­wa­sy kis­lo­ro­da baý, ýüz­mek bol­sa be­de­ni­ňi tap­la­ýar. Şeý­le hem, sportuň suw­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän gör­nüş­le­ri adam­la­ry de­ňiz ke­nar­la­ry­na çek­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­la­ry bol­sa, dynç al­mak üçin yzy­gi­der­li mas­la­hat­la­ry ber­ýärler. “Evening Stan­dard” at­ly iň­lis ne­şi­ri­niň sy­ýa­hat­çy­lyk hünärmen­le­ri Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy ke­nar­ýa­ka­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Sa­naw­da­ky ýer­le­riň kö­pü­si Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da we ada­la­ryn­da ýer­leş­ýär.
Bi­rin­ji or­ny Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­lýor­ka ada­syn­da­ky Ka­lo-des-Mo­ro aý­la­gy eýe­le­ýär. Aý­la­gyň üç ta­ra­py ýa­pyk bo­lan­dy­gy se­bäp­li güýç­li tol­kun­lar eme­le gel­me­ýär. Şeý­le­lik­de, düý­bi gör­nüp du­ran du­ry suw­ly pes­saý ke­nar gö­ren­le­ri özü­ne ben­di ed­ýär. Di­ňe deň­ziň su­wy däl, eý­sem, onuň tö­we­re­gi­niň ösüm­lik dün­ýä­si­ne baý te­bi­ga­ty hem gö­re­ni haý­ran gal­dyr­ýar. Ak çä­ge­li de­ňiz ke­na­ry he­mi­şe dynç al­mak üçin iň go­wy ýer­le­riň sa­na­wyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Is­pa­ni­ýa­nyň Ba­le­ar ada­la­ry­nyň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýan res­mi di­li ka­ta­lan­ça we is­pan­ça bo­lan Ma­lýor­ka adasy di­ňe ma­wy deň­zi we ys­sy ho­wa­sy bilen däl, eý­sem, ta­ry­hy ýer­le­ri bi­len hem ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýär.
Ikin­ji ýe­ri Ka­la Ma­rio­lu eýe­le­ýär. Ita­li­ýa­nyň iň uly ada­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Sar­di­ni­ýa­da­ky bu ýe­re ýa ga­ýyk­ly, ýa-da bol­ma­sa be­lent­li­gi 470 metr bo­lan de­pe­den aşak­ly­gy­na ýö­räp ba­ryp bol­ýar. Ow­nuk ak daş­ly we çä­ge­li de­ňiz ke­na­ry­na bar­mak tö­leg­li bo­lup, to­mus gün­le­rin­de 800 adam bi­len çäk­len­di­ril­ýär. Bu ýer­de be­ýik­li­gi 143 met­re ba­ra­bar bo­lan dik de­pe hem-de te­bi­gy ar­ka gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär.
Üçün­ji ýe­ri Hor­wa­ti­ýa­nyň Wis ada­syn­da­ky Sti­ni­wa at­ly ýe­ri eýe­le­ýär. Mun­dan ozal bir­nä­çe ge­zek dün­ýä­niň iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň sa­na­wyn­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­län Ad­ria­tik deň­zin­dä­ki Wis ada­syn­da ady­bir şä­her hem bar. Ada­nyň ila­ty, esa­san, ba­lyk­çy­lyk we üzüm­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýar. Te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý bo­lan ada ýyl­da müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Sa­naw­da San-Frut­tuo­so (Ita­li­ýa), Mi­los (Gre­si­ýa), Pra­ýa Do­na (Por­tu­ga­li­ýa), Der­mi (Al­ba­ni­ýa), Pa­lo­ma (Fran­si­ýa), Ba­ra­fundl aý­la­gy (Uels) hem-de Ho­wo­la (Gre­si­ýa) il­kin­ji on­lu­gy eme­le ge­tir­ýär.
Şeý­le hem sa­naw­da Slo­we­ni­ýa, Por­tu­ga­li­ýa, Bol­ga­ri­ýa, Tür­ki­ýe, Ru­my­ni­ýa, Şot­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­lar­dan dynç alyş ýer­le­ri bar.