Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da ilkinji gezek pyşbagalaryň ýaryşy 1945-nji ýylda geçirildi. Golaýda bu bäsleşik dünýä belli “Kentukki Derbi” at çapyşyklarynyň ornuny tutdy. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär.
Dünýäniň iň meşhur at çapyşyklarynyň biri hasaplanýan we maý aýlarynda geçirilýän “Kentukki Derbi” ýaryşlaryny güýzde geçirmek meýilleşdirildi. Ýöne bu çapyşygyň guramaçylary ýagdaýdan çykalga tapyp, pyşbagalaryň bäsleşigini gurnady. Bu ýaryşa hemaýatkärlik edýän “Old Forester” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kempbell Braun gadymy däpleri durmuşa geçirmek üçin şeýle karara gelendiklerini mälim etdi.
– Kentukki çapyşygy ilkinji gezek ýatyrylan wagty pyşbagalaryň ýaryşyny gurnadyk. Bu janköýerler üçin garaşylmadyk waka boldy – diýip, Braun gürrüň berdi. 70 ýyldan soňra pyşbagalaryň ýaryşy gaýtadan geçirilip, onlaýn ýagdaýda gurnaldy. Ýaryşa 8 pyşbaga gatnaşdyrylyp, olaryň tizligi sagatda 0,29 kilometre deňdir. Pellehana tarap ýuwaş-ýuwaşdan ädim äden pyşbagalaryň ýaryşy köpleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Bellenilip geçilişi ýaly, Kentukkiniň ilkinji pyşbagalar ýaryşy hem gyzykly bolupdy. ABŞ-nyň Luizwil baglary meýdançasyna ýygnanan 6000-den gowrak adam 167 pyşbaganyň ýuwaş-ýuwaşdan pellehana tarap ugramagyna tomaşa edipdi.
Süleýman HOJANEPESOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.