Go­rag­çy­lar we gol… As­lyn­da bi­rin­ji sö­züň de­re­gi­ne he­mi­şe di­ýen ýa­ly hü­jüm­çi­ler ula­nyl­ýar. Ýö­ne hä­zir­ki za­man fut­bo­lyn­da bir­nä­çe hü­jüm­çi­den köp gol ge­çi­ren go­rag­çy­la­ryň bar­dy­gy hem­mä mä­lim. Go­rag­çy­la­ryň meý­dan­ça­da­ky ýe­ri öz der­we­ze­le­ri­niň go­la­ýyn­da dur­mak. Ola­ryň bi­rin­ji de­re­je­li we­zi­pe­si gol ge­çirt­mez­lik. Ýö­ne gar­şy­daş to­pa­ryň der­we­ze­si­niň al­ky­my­na ba­ryp, on­lar­ça, hat­da ýüz­ler­çe gol ge­çi­ren go­rag­çy­la­ryň sa­ny az däl. Er­kin ur­gu­lar­da, burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­lar­da go­rag­çy­la­ryň kö­pü­si­niň uzyn bo­ýly bol­ma­gy ola­ryň gol ge­çir­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Je­ri­me ur­gu­la­ry­ny, 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ta­pa­wut­lan­ýan­la­ry­nyň sa­ny-da ep-es­li bar.
Iň köp gol ge­çi­ren go­rag­çy­la­ryň sa­na­wyn­da hä­zir­ki wagt­da Ni­der­land­la­ryň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim ber­ýän Ro­nald Ku­man öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Us­sat go­rag­çy aý­ra­ty­nam je­ri­me ur­gu­la­ry, on­da-da uzak ara­lyk­lar­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ren je­ri­me ur­gu­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Özü­niň 17 ýyl­lyk fut­bol kar­ýe­ra­sy­na “Gro­nin­gen­de” baş­lap, “Aýaks”, PSW, “Bar­se­lo­na” hem-de “Fe­ýe­noord” to­par­la­ryn­da oý­nan Ku­man bir­nä­çe hü­jüm­çi­niň düý­şün­de-de ýe­tip bil­me­jek sa­ny­na ýet­di. Wag­tal-wag­tal ýa­rym­go­rag­çy­nyň ýe­rin­de-de oý­na­ýan sa­ry­ýa­gyz fut­bol­çy 253 gol ge­çi­rip, bu ugur­da go­rag­çy­la­ryň ara­syn­da (hat­da köp hü­jüm­çi­den hem öň­de) bi­rin­ji bas­gan­çak­da bar­ýar. 21-nji mart­da 57 ýa­şy ar­ka atan Ku­man klub­lar­da 685 oýun­da 239, mil­li ýy­gyn­dy­da bol­sa 78 oýun­da 14 go­ly der­we­zä gi­riz­di.
Ku­man­dan soň, iň köp ta­pa­wut­la­nan go­rag­çy, kel­te­jik bo­ýy bi­len ta­nal­ýan, ar­gen­tin fut­bo­ly­nyň ägirt­le­rin­den, ady eý­ýäm­den ro­wa­ýa­ty­la­ryň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len Da­ni­el Pas­sa­rel­la­dyr. Şu aýyň ahyr­la­ry­na 67 ýa­şy­na ga­dam bas­jak Pas­sa­rel­la ýur­du­nyň “Sar­mi­en­to” klu­bun­da fut­bo­la baş­la­ýar. Kar­ýe­ra­sy­nyň 10 ýy­ly­ny “Ri­wer Pleýt­de” ge­çi­ren Pas­sa­rel­la “Fio­ren­ti­na” we “In­ter” to­par­la­ry­nyň-da köý­nek­çe­le­ri­ni geý­ýär. Ar­gen­ti­na­nyň 2 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy­na uly go­şant go­şan Pas­sa­rel­la je­mi 175 go­ly der­we­zä gi­riz­di (153-si klub­lar­da, 22-si mil­li ýy­gyn­dy­da).
3-nji bas­gan­çak­da is­pa­ni­ýa­ly go­rag­çy Fer­nan­do Hi­er­ro bo­lup, ol 163 gol ge­çir­di. 18 ýyl­lyk fut­bol kar­ýe­ra­syn­da “Wal­ýa­do­lid”, “Re­al Mad­rid”, “Al-Raý­ýan” hem-de “Bol­ton” klub­la­ryn­da oý­na­dy. Klub fut­bo­lyn­da 134, mil­li ýy­gyn­dy­da-da 29 gol ge­çi­ren Hi­er­ro Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň iň ne­ti­je­li 5-nji fut­bol­çy­sy­dyr. On­dan öň­de di­ňe Da­wid Wil­la, Ra­ul, Tor­res, Da­wid Sil­wa ýa­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi­ler bar.
4-nji orun­da­ky iň köp gol ge­çi­ren go­rag­çy Fran­si­ýa­ly Lo­ran Blan bo­lup, ol 153 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. “Na­po­li”, “Sent Etien”, “Bar­se­lo­na”, “Mar­sel”, “In­ter”, “M. Ýu­naý­ted” ýa­ly klub­lar­da oý­nan Bla­nyň burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­lar­da kel­le ur­gu­la­ry bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan ta­pa­wut­lan­ýar­dy. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji “Al­tyn go­luň” aw­to­ry bo­lan Blan klub­lar­da 137, mil­li to­par­da bol­sa 16 go­ly bar. 5-nji ýer­dä­ki şot­lan­di­ýa­ly Grem Alek­san­der 130 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Onuň gol­la­ry­nyň äh­li­si-de klub­lar­da­ky oýun­lar­da ha­sa­ba alyn­dy. Äh­li za­ma­na­la­ryň çep gy­ra­ky go­rag­çy­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän bra­zi­li­ýa­ly Ro­ber­to Kar­los 6-njy ýer­de bar­ýar. Je­ri­me ur­gu­la­ryn­dan, uzak ara­lyk­lar­dan ge­çi­ren gol­la­ry bi­len ta­nal­ýan ýyl­dyz fut­bol­çy 115 gol bi­len 6-njy orun­da bar­ýar. 7–8-nji ha­tar­lar­da­ky go­rag­çy­la­ryň 2-si hem 113 gol ge­çir­di. Ola­ryň bi­rin­ji­si Stiw Brýus bo­lup, ol bir ge­zek hem mil­li ýy­gyn­dy­da çy­kyş et­me­dik fut­bol­çy­dyr. 7-nji ýer­de “Ba­wa­ri­ýa”, “Aýnt­raht Braunş­wig” hem-de “Re­al Mad­rid­de” ýaly klublarda oý­nan ger­ma­ni­ýa­ly Pol Braýt­ner bolup, ol klub fut­bo­lyn­da 103, mil­li to­par­da-da 10 to­py der­we­zä gi­riz­di.
Iň ne­ti­je­li 10 go­rag­çy­nyň sa­na­wyn­da­ky hä­zir­ki wagt­da-da kar­ýe­ra­sy­ny do­wam et­dir­ýän ýe­ke-täk oýun­çy is­pa­ni­ýa­ly Ser­hio Ra­mos­dyr. “La Li­ga­da” bas­syr 16 möw­süm ta­pa­wut­la­nyp, bu ugur­da Mes­si bi­len re­kor­dy paý­laş­ýan Ra­mos 110 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Onuň ýe­ne-de 2–3 möw­süm­den soň, 6-njy or­na geç­me­gi-de müm­kin. Fut­bol oý­nu­nyň ägirt­le­rin­den, Kaý­zer la­kam­ly, ger­ma­ni­ýa­ly go­rag­çy Frans Bek­ken­bauer 109 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, sa­naw­da 10-njy ýe­ri eýe­le­ýär.