Iň köp sy­ýa­hat edi­len
şä­her­le­riň sa­na­wy:
10An­tal­ýa (Tür­ki­ýe) – 11,27 mil­li­on ja­han­keş­de: An­tal­ýa Tür­ki­ýä­niň gü­nor­ta­syn­da, Or­ta­ýer deň­zin­iň kenaryndaky şy­pa­ha­na we port şä­he­ri­dir. Şä­he­riň rek­rea­si­on we umu­my sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­li­gi ulu­dyr. Şä­her­de hä­zir­ki za­man ho­wa men­zi­li he­re­ket ed­ýär. Ke­nar ýa­ka­la­ry dynç al­mak üçin örän amat­ly­dyr.
9To­kio (Ýa­po­ni­ýa) – 12,12 mil­li­on ja­han­keş­de: To­kio Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty, ma­li­ýe, se­na­gat we sy­ýa­sy mer­ke­zi­dir. Şä­her­dä­ki köp san­ly ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler, köşk­ler we dür­li im­pe­ra­tor­lyk­la­ra de­giş­li bi­na­lar ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni çe­kip, bu ýe­re gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň ýyl­sa­ýyn art­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
8Stam­bul (Tür­ki­ýe) – 12,8 mil­li­on ja­han­keş­de: Bos­for bo­ga­zy­nyň iki ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän şä­her Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­rip, köp­rü­ler we tun­nel­ler bi­len döw­re­bap ulag dü­zü­mi­ne eýe­dir. Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen şä­her. Esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk me­rkezleri şä­he­riň Ýew­ro­pa bö­le­gin­de­dir. Bu ýer­de myh­man­ha­na­la­ryň 90 gö­te­ri­mi bar. Şä­her­de 7-ä go­laý mu­zeý bo­lup, Top­ga­py köş­gi we Aýa­so­fi­ýa yba­dat­ha­na mu­ze­ýi her ýyl 30 mil­li­on dol­lar aras­sa gir­de­ji ge­tir­ýär.
7Kua­la-Lum­pur (Ma­laý­zi­ýa) – 13,53 mil­li­on ja­han­keş­de: Şä­her hä­zir­ki za­man we dür­li dö­wür­le­re de­giş­li bi­na­gär­lik äheň­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Ga­raş­syz­lyk meý­da­nyn­da­ky köp san­ly ozal­ky hö­kü­met bi­na­la­ry we beý­le­ki bi­na­lar, met­jit, dok­ma top­lu­my­nyň mil­li mu­ze­ýi köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Bu bi­na­la­ryň kö­pü­si XIX asy­ryň ahy­ryn­da XX asy­ryň baş­la­ryn­da gur­lup­dyr.
6Nýu-Ýork (ABŞ) – 13,67 mil­li­on ja­han­keş­de: Dün­ýä­niň we bu ýur­duň iň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk me­kan­la­ry Man­het­ten se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Bu ýer­de köp san­ly köp gat­ly bi­na­lar bi­len bir ha­tar­da BMG-niň baş bi­na­sy hem ýer­leş­ýär. Şä­her dün­ýä­niň esa­sy ma­li­ýe, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar.
5Sin­ga­pur – 14,47 mil­li­on ja­han­keş­de: Şä­her me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­syň go­rap sak­la­nan mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýär. Esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk me­ka­ny haý­wa­nat ba­gy­dyr. Şeý­le hem bir­nä­çe ke­nar­ýa­ka sy­ýa­hat­çy­lyk me­kan­la­ry bar. Ada­lar­da ta­ry­hy mu­zeý we dür­li de­ňiz jan­dar­la­ry saklanýan uly ak­wa­ri­um he­re­ket ed­ýär.
4Du­baý (BAE) – 16,66 mil­li­on ja­han­keş­de: Du­baý Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lup, çuň suw­ly por­ty bi­len meş­hur­dyr. Ýur­duň esa­sy söw­da we ma­li­ýe mer­ke­zi bo­lan şä­he­riň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk me­ka­ny Burj-Ha­li­fa köp gat­ly bi­na­sy­dyr. Bu 2008-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­la­ry­nyň bi­ri­dir.
3Pa­riž (Fran­si­ýa) – 17,95 mil­li­on ja­han­keş­de: Ýur­duň esa­sy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni mer­ke­zi. Dün­ýä­niň ma­li­ýe mer­kez­le­ri­niň iri şä­he­ri­dir. Bu ýer­de ÝU­NES­KO-nyň hem-de köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň baş bi­na­sy ýer­leş­ýär. Ta­ry­hy mer­ke­zi we Eý­fel di­ňi köp san­ly ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­ýär.
2Lon­don (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) – 20,42 mil­li­on ja­han­keş­de: Köp san­ly dün­ýä bel­li mu­zeý­le­ri özün­de jem­le­ýän ta­ry­hy şä­her­le­riň bi­ri­dir. 7,5 mil­li­on eks­po­na­ty bo­lan Bri­tan mu­ze­ýi, Lon­don mil­li ga­le­re­ýa­sy, Şer­lok Holms mu­ze­ýi, ha­nym Týus­so mu­ze­ýi köp­le­riň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­dir. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Bu­kin­gem köş­gi esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk me­kan­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň kä­bir bi­na­la­ry sy­ýa­hat­çy­lar üçin her ýylda 2 aý­ ge­ze­lenç üçin açyl­ýar.
1Bang­kok (Tai­land) – 21,98 mil­li­on ja­han­keş­de: Bang­ko­gyň ta­ry­hy mer­ke­zi Çauph­ra­ýa der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Rat­ta­na­ko­sin ada­sy­dyr. Taý di­lin­den ter­ji­me edi­len­de “ýo­ka­ry gym­mat­lyk” diýen ma­ny­­ny ber­ýär. Äh­li ta­rap­dan ka­nal­lar we bi­na­lar bi­len gur­şa­lan­dyr. Ada­nyň mer­ke­zin­dä­ki ta­ry­hy bi­na­lar we yba­dat­ha­na­lar köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.

We­pa MÄ­MI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.