Ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan “Lesedi La Rona” atly göwher daşy satyldy. Geçirilen auksionda 1109 karatlyk göwheri zergärçilikde özüni tanadan meşhur iňlis şereketi “Graff Diamonds” 53 million dollara satyn aldy. “Şuglamyz” atly bu göwher geçen ýylam Londonda auksiona çykarylypdy. Ýöne başlangyç bahasy 70 million dollar diýlip kesgitlenilen göwheri satyn alan bolmandy. Bu gymmatbaha daş 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Kanadanyň “Lucara Diamond” şereketiniň işgärleri tarapyndan Botswanadaky magdandan tapylypdy. Şonda oňa Botswananyň ýerli dilleriniň biri bolan tswanaça “Şuglamyz” diýen manyny aňladýan “Lesedi La Rona” ady goýlupdy. Çaklamalara görä, bu göwher daşy 3 milliard ýyl ozaldan galypdyr. 1109 karatlyk göwher häzire çenli tapylan iň uly 2-nji almaz diýlip hasaba alyndy.