Şu ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň baş­la­ryn­da Rus­si­ýa­nyň Wla­di­wos­tok şä­he­rin­de ýur­duň iň iri okea­na­riu­my ulan­ma­ga ber­ler. Onuň umu­my meý­da­ny 30 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky bu des­ga 7 ýyl­da gu­rul­dy. Dün­ýä­niň iň uly okea­na­ri­um­la­ry­nyň bi­ri bol­jak bu des­ga Gün­do­gar yk­dy­sa­dy fo­ru­myň çäk­le­rin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lar.
Des­ga­nyň esa­sy bi­na­sy iki ta­rap­ly ba­lyk­gu­la­ga meň­zeş edi­lip gur­lup­dyr. Bu des­ga­da dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­dä­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň hem-de ba­lyk­la­ry­nyň 400-den gow­rak gör­nü­şi sak­la­nar. Okea­na­riu­ma ge­rek­li bo­lan suw Us­sur bo­ga­zyn­dan ge­ti­ri­lip, aras­sa­la­nan­dan soň­ra guý­lar.
Bu ýer­de um­man­lar­da­ky de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň dur­mu­şy ba­ra­da-da köp mag­lu­mat­lar al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ler. Şeý­le hem des­ga­nyň çäk­le­rin­de 75 met­re uza­lyp gid­ýän tun­nel gur­lup­dyr. Okea­na­riu­myň daş-tö­we­re­gin­de ge­ze­lenç edil­ýän zo­lak, ça­ga­lar üçin oýun oý­nal­ýan meý­dan­ça­lar we köp san­ly kö­mek­çi des­ga­lar bar.