Äh­li jan­ly-jan­dar­lar ýa­ly ži­raf­lar hem öz ça­ga­la­ry­ny go­ra­ýar. Hat­da ene ži­raf duş­ma­ny­ny gö­re­nin­de, ça­ga­sy­ny go­ra­mak üçin oňa to­pul­ýar. Ça­ga­sy dün­ýä inen­den soň­ra ene ži­raf bir hep­de­läp onuň ýa­nyn­da bol­ýar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si öz ça­ga­la­ry­ny, ça­ga­la­ry bol­sa ene­le­ri­ni ysyn­dan ta­na­ýar. Ene ži­raf ça­ga­sy­nyň ýa­nyn­da bo­lan­da, ça­ga ži­raf ene­si­niň ysy­ny ýat tut­ýar. Soň­ra bol­sa, ene ži­raf ça­ga­sy­ny ge­ze­len­je äkid­ýär. Haý­sy aga­jyň ýap­ra­gy­nyň ýa-da otuň iýil­ýän­di­gi­ni ni­re­den suw içil­ýän­di­gi­ni, gör­kez­ýär. Haý­sy­dyr bir howp aba­nan­da bolsa çagasyny uzyn aýak­la­ry­nyň ara­sy­na alyp go­ra­ýar.