Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly we­los­port ýa­ry­şy bo­lan “Tur de Frans” (To­ur de France) bäs­le­şi­gin­de “Ineos” (ozal­ky “Sky”) to­pa­ry­nyň ko­lum­bi­ýa­ly tür­ge­ni Egan Ber­nal ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 3349 ki­lo­metr­lik ýo­ly 82 sa­gat 57 mi­nut­da ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky il­ki­nji “Gran Tur” ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 19-njy tap­gyr­da sa­ry köý­nek­çä­ni ge­ýen Ber­nal Fran­si­ýa we­los­port ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji ko­lum­bi­ýa­ly tür­gen bol­dy. Ga­ly­ber­se-de 22 ýa­şyn­da­ky Ber­nal soň­ky 110 ýyl­da “Tur de Frans­da” çem­pi­on bo­lan iň ýaş tür­gen di­ýen ady eýe­le­di. 22 ýa­şy­ny dol­du­ryp, 196 gün alan Ber­nal umu­my­lyk­da bu ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan iň ýaş 3-nji tür­gen­dir. Bu ugur­da 1904-nji ýyl­da­ky ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si Hen­ri Kor­ne (19 ýaş 355 gün) bi­len 1909-njy ýyl­da­ky bäs­le­şik­de çem­pi­on bo­lan Fran­sua Fa­ber (22 ýaş 187 gün) öň­de bar­ýar. Şeý­le-de 106-njy sa­par ge­çi­ri­len “Tur de Frans” ýa­ry­şyn­da soň­ky 8 ýyl­da 7-nji ge­zek ozal­ky “Sky”, hä­zir­ki “Ineos” to­pa­ry­nyň tür­ge­ni ýeňiş gazandy. Ber­nal ýe­ke tap­gyr­da-da ýe­ňi­ji bol­man, ol ýaryşyň taryhynda şeý­le ne­ti­je bi­len çem­pi­on­lyk ga­za­nan 8-nji tür­gen bol­dy.
Ýe­ňi­ji Ber­nal­dan 1 mi­nut 11 se­kunt yza ga­lan to­par­da­şy, ge­çen ýy­lyň ýe­ňi­ji­si bri­ta­ni­ýa­ly Ge­raýnt To­mas 2-nji, 1 mi­nut 31 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len “Jum­bo-Vis­ma” to­pa­ryn­dan gol­lan­di­ýa­ly Ste­wen Kruiýs­wiýk 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
Egan Ber­nal ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­giň hem ýe­ňi­ji­si bo­lup, ol dag bäs­le­şik­le­rin­de fran­si­ýa­ly Ro­man Bar­de­den (AG2R La Mon­dia­le) soň 2-nji or­na my­na­syp bol­dy. Utuk top­la­mak­da slo­wa­ki­ýa­ly Pe­ter Sa­gan (Bo­ra-Hangsg­ro­he) ýe­ňiş ga­zan­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da bolsa, “Movis­tar” ep-es­li ara­ta­pa­wut bi­len öňe saý­lan­dy (248 sa­gat 51 mi­nut 15 se­kunt). Meş­hur to­par­dan 47 mi­nut 54 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zen “Trek-Se­gaf­re­do” to­pa­ry 2-nji, “Ineos” 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
1903-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän “Tur de Frans” ýa­ry­şyn­da fran­si­ýa­ly Žak An­ke­til bi­len Ber­nar Ino, bel­gi­ýa­ly Ed­di Merks hem-de is­pa­ni­ýa­ly Mi­gel In­du­ra­in da­gy iň köp çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler­dir. Olar 5 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. 4 çem­pi­on­ly­gy bo­lan bri­ta­ni­ýa­ly Kris Frum 2015–2017-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Ol şi­ke­si se­bäp­li bu ýyl gat­naş­ma­dy. Şu ýyl 106-njy sa­par ge­çi­ri­len ýa­ry­şa 22 to­par­dan 180 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. “Tur de Frans” ýa­ryş­la­ry 1–2-nji Ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da ge­çi­ril­me­di. Şeý­le-de 1999–2005-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­ryş­lar­da do­ping ula­nan­dy­gy se­bäp­li, ame­ri­ka­ly Lans Armst­ron­gyň ga­za­nan 7 çem­pi­on­ly­gy ha­sa­ba alyn­ma­dy.