Is­len­dik di­li şol di­liň gep­le­şil­ýän ýur­dun­da öw­ren­mek has aň­sat bol­ýar. Se­bä­bi gün­de­lik dur­muş­da şol dil­de nä­çe gep­le­şil­se, şon­ça-da çalt öz­leş­di­rip bol­ýar. Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da, söw­da­da, san­ly ul­gam­da iň köp ula­nyl­ýan dil iň­lis di­li ha­sap­lan­ýar. Hal­ka­ra de­re­je­li okuw mek­dep­le­rin­de dür­li ugur­lar­da be­ril­ýän ders­ler köp­lenç iň­lis­ dilinde ge­çil­ýär. Da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ry özü­ne çek­mek­de hem der­siň öw­re­dil­ýän di­li­niň tä­si­ri uly. Şeý­le bo­lan­soň, köp okuw mek­de­bi iň­lis di­lin­de bi­lim ber­ýär. Iň­lis di­li­ni öz­leş­dir­mek üçin öň­de­ba­ry­jy mek­dep­ler ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty si­ze hö­dür­le­ýä­ris.

Maast­riht uni­wer­si­te­ti, Ni­der­land­lar: 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu uni­wer­si­tet­de ýo­ka­ry we on­dan soň­ky bi­lim be­ril­ýär. Ders­le­riň kö­pü­si iň­lis di­lin­de ge­çil­ýär. Ta­lyp­la­ryň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny da­şa­ry ýurt­lu­lar eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le hem uni­wer­si­tet sun­gat, jem­gy­ýeti öwreniş bi­lim­le­ri, me­nej­ment we yk­dy­sa­dy­ýet, hu­kuk, psi­ho­lo­gi­ýa we baş­ga-da bir­nä­çe ugur­da beý­le­ki ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len ta­lyp alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ady­bir okuw mek­de­bi­niň ýer­leş­ýän Maast­riht şä­he­ri Bel­gi­ýa­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň ser­he­di­ne ýa­kyn. Şol se­bäp­li hep­dä­niň dynç gün­le­rin­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da bu ýurt­la­ra hem sy­ýa­hat et­mek üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­ler döredilen.
Sin­ga­pur Mil­li uni­wer­si­te­ti: Azi­ýa­nyň şä­her döw­le­ti bo­lan Sin­ga­pur teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa, sü­rü­ji­siz ulag ul­ga­my, “akyl­ly şä­her”, “akyl­ly gat­naw” ýa­ly gel­jek­de peý­da bol­jak ösüş­le­riň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­lan­ýar, sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Ýurt­da bi­lim iň­lis di­lin­de be­ril­ýär. Sin­da­pur­da­ky res­mi 4 di­liň bi­ri­ bo­lan iň­lis­ di­li ýurt­da ýa­şa­ýan dür­li mil­let­le­riň öza­ra dü­şü­niş­me­gi üçin iň köp ula­nyl­ýan dil ha­sap­lan­ýar. 1905-nji ýyl­da Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti hök­mün­de esas­lan­dy­ry­lan bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de hä­zir­ki wagt­da in­že­ner­çi­lik, di­zaýn, daş­ky gur­şaw, hu­kuk, söw­da we komp­ýu­ter ýa­ly dür­li ugur­lar­da bi­lim be­ril­ýär. Uni­wer­si­tet­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan bel­li pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar zäh­met çek­ýär­ler. Okuw mek­de­bi dün­ýä­niň we Azi­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy uni­wer­si­tet­le­ri­niň sa­na­wyn­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.
Jon Ka­bot uni­wer­si­te­ti, Ita­li­ýa: ýur­duň paý­tag­ty Rim­de ýer­leş­ýän sun­gat mek­de­bin­de äh­li ders­ler iň­lis di­lin­de geçilýär. Bu ýer­de dün­ýä­niň 60 ýur­dun­dan gelen ta­lyplar bi­lim al­ýarlar. Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan Rim­e da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň köp bar­ma­gy iň­lis di­li­ni di­ňe okuw­da däl, gün­de­lik dur­muş­da hem kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Stok­golm uni­wer­si­te­ti, Şwe­si­ýa: okuw mek­de­bin­de ýo­ka­ry bi­lim, as­pi­ran­tu­ra we ma­gist­ra­tu­ra sa­pak­la­ry­nyň ag­la­ba­sy iň­lis­ dilinde ge­çil­ýär. Iň­lis di­lini öw­ren­mek üçin iň amat­ly döw­let­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Şwesiýada ýaşaýjylaryň kö­pü­si iň­lis­çä­ni su­wa­ra bil­ýär.
So­fi­ýa uni­wer­si­te­ti, Ýa­po­ni­ýa: ýur­duň iň iri hu­su­sy okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lan So­fi­ýa 1928-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp­dyr. Uni­wer­si­tet dün­ýä­niň beý­le­ki okuw mek­dep­le­ri bi­len alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Gon­kong uni­wer­si­te­ti: ady­bir şä­her­de ýer­leş­ýän uni­wer­si­tet­de äh­li ders­ler iň­lis di­lin­de öw­re­dil­ýär. Bu ýer­de dün­ýä­niň 40 ýur­dun­dan pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar zäh­met çek­ýärler. Dür­li ugur­lar­da bi­lim ber­ilýän okuw mek­de­bin­de sun­gat, me­nej­ment we yk­dy­sa­dy­ýet, pe­da­go­gi­ka, in­že­ner­çi­lik, hu­kuk, jem­gy­ýeti öwreniş bi­lim­le­ri ýa­ly fa­kul­tet­ler bar.
Lon­do­nyň Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji: Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ýer­leş­ýän kol­lej­de 800-den gow­rak ugur bo­ýun­ça bi­lim be­ril­ýär. El­bet­de, äh­li ders­ler iň­lis di­lin­de öw­re­dil­ýär. Tem­za der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky ýö­ri­te okuw şä­her­çe­si aras­sa ho­wa­sy bi­len hem oka­ma­ga bo­lan hö­we­si­ňi art­dyr­ýar. Ýy­lyň-ýy­ly­na da­şa­ry ýurt­lar­dan ýüz­ler­çe ta­ly­by ka­bul ed­ýän bu mek­dep dün­ýä­niň iň go­wy uni­wer­si­tet­le­ri­niň ara­syn­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.
Sid­neý uni­wer­si­te­ti, Awst­ra­li­ýa: bu okuw mek­de­bin­de äh­li ders­ler iň­lis di­lin­de geçil­ýär. Uni­wer­si­tet ýur­duň iň ga­dy­my we ab­raý­ly okuw mek­de­bi ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň iň go­wy şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Sid­neý de­ňiz ke­na­ryn­da we da­gyň ete­gin­de ýer­le­şip, ýa­şa­mak üçin hem amat­ly şert­le­ri bar.
Keýp­ta­un uni­wer­si­te­ti, Gü­nor­ta Af­ri­ka: 1829-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu okuw mek­de­bi ýur­duň il­kin­ji uni­wer­si­te­ti ha­sap­lanyp, dür­li ugur­lar­dan iň­lis di­lin­de ders geçil­ýär. Ýurt­da res­mi dilleriň 11-si bo­lup, ola­ryň iň köp ula­nyl­ýa­ny iň­lis­çe­dir. Şä­her­de gün­de­lik dur­muş­da iň­lis di­lin­de gep­leş­mek üçin has köp müm­kin­çi­lik bar.
Mal­ta uni­wer­si­te­ti, Mal­ta: Or­ta­ýer deň­zi­niň jüm­mü­şin­de ýer­leş­ýän ada döw­le­ti bo­lan Mal­ta­da­ky bu uni­wer­si­tet­de iň­lis di­lin­de bilim be­ril­ýär. Bu ýer­de oka­mak is­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar üçin giň müm­kin­çi­lik­ler döredilen. Ýurt­da mal­ta­ça bi­len iň­lis­çe res­mi dil ha­sap­lan­ýar.