Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda intellektual eýeçiliginiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribesini öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fo­ru­ma In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň bi­ler­men­le­ri, ýur­du­my­zyň ugur­daş mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Wi­deo­mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň hu­kuk bin­ýa­dy­ny gi­ňelt­mek, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň kör­le­re we gör­mek ýa-da beý­le­ki ukyp­la­ry kem­çi­lik­li adam­lar üçin çap edi­len ne­şir­le­re ýe­ňil­lik­le­ri dö­re­dip ber­mek ha­kyn­da­ky Mar­ra­keş yla­la­şy­gy­na go­şu­lyş­mak hem-de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň, fo­nog­ram­ma­la­ry dö­re­di­ji­le­riň we ýaý­ly­ma goý­ber­ýän eda­ra­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky Rim kon­wen­si­ýa­sy­na go­şu­lyş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.
In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi ylym­da we yk­dy­sa­dy­ýet­de tä­ze­çil hem-de dö­re­di­ji­lik­li iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry (rug­sat­na­ma, aw­tor­lyk hu­ku­gy, ha­ryt­lyk ny­şan, nus­ga) hö­wes­len­dir­me­giň se­riş­de­si hök­mün­de peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan gu­ra­ma bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we dü­züm­le­ri, şol san­da 1995-nji ýyl­dan bä­ri do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup dur­ýan In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2013-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry bi­len dö­re­di­len Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça döw­let gul­lu­gy in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň dü­züm­le­ri­ni go­ra­mak ba­bat­da döw­let ta­ra­pyn­dan ka­da­laş­dy­ry­lyş işi­ni alyp bar­ýar. 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan 1999-njy ýy­lyň se­na­gat nus­ga­la­ry­ny hal­ka­ra taý­dan bel­li­ge al­mak ha­kyn­da­ky Gaa­ga yla­la­şy­gy­nyň Že­ne­wa na­ma­sy­na we olim­pi­ýa ny­şan­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Naý­ro­bi şert­na­ma­sy­na go­şul­dy. 2016-njy ýyl­da bol­sa ede­bi we çe­per eser­le­ri go­ra­mak bo­ýun­ça Bern Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy.

Wi­deoa­ra­gat­na­şyk gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­ge bo­lan hu­kuk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­syn­da he­re­ket ed­ýän okuw mak­sat­na­ma­la­ry­na we şert­na­ma­la­ra jik­me-jik deg­lip ge­çil­di. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň uni­wer­si­tet­le­ri­niň we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi ul­ga­myn­da hal­ka­ra stan­dart­la­ry­ny ulan­mak bo­ýun­ça tej­ri­be al­şyl­dy.
Bu ge­zek­ki wi­deo­mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi­niň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň bi­ler­men­le­ri gu­ra­ma ag­za döw­let­ler­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça bi­lim­le­ri we ukyp­la­ry ös­dür­mek ug­run­da peý­da­la­nyl­ýan dür­li okuw mak­sat­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar.