“Google” kompaniýasynyň hyzmatdaşy “Loon” Keniýanyň oba ýerlerinde ýaşaýan ilaty internet şarlary arkaly 4G internet hyzmaty bilen üpjün edip başlady. “Loon” şereketiniň ýolbaşçysy Alasonir Westgart taslamanyň hyzmatdaşy bolan “ Telkom Kenya”-nyň abunaçylarynyň Ýerden belli bir belentlikde howada asylyp duran şarlar arkaly internet hyzmatyndan peýdalanyp başlandyklaryny mälim etdi. Bu hyzmatyň ýurduň günbatar we merkezi sebitlerinde ýola goýlandygy we takmynan 50 müň inedördül kilometr meýdany öz içine alýandygy mälim edildi. Häzirki wagtda 35 müň ulanyjynyň 4G internet hyzmatyndan peýdalanýandygy aýdyldy. Gün bilen işleýän şarlar ilkinji synaglarynda 18,9 megabit göçürip almak we 4,7 megabit ýüklemek tizligine ýetdi.

“Google” birnäçe ýyldan bäri Ýer ýüzüniň medeni zolaklardan uzak ilatyny internet hyzmaty bilen üpjün etmek maksady bilen howada asylyp duran şarlar arkaly internet hyzmatyny hödürleýän taslamasyny synagdan geçirýär.