Hin­dis­ta­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň 13 sa­ny iri döw­let ne­bit kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny bir­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Bu ba­ra­da “Econo­mic Ti­mes” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Bu ugur­da ge­ňeş­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da pi­kir al­şyl­dy.
Ýurt­da iri ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­ny dö­ret­mek pi­ki­ri 2005-nji ýyl­da-da goz­ga­lyp­dy. Ýö­ne şol dö­wür­de hö­kü­met to­pa­ry bu işiň mak­sa­da la­ýyk däl­di­gi üçin ony yza süý­şü­rip­di. Hä­zir bu me­se­le tä­ze­den goz­gal­dy we Ne­bit we gaz mi­nistr­li­gi bu ugur­da de­giş­li sel­jer­me iş­le­ri­ni ge­çir­ýär.
Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, “Oil and Na­tu­ral Gas Cor­po­ra­ti­on” (ONGC), “In­di­an Oil Cor­po­ra­ti­on”, “Bha­rat Pet­ro­le­um Cor­po­ra­ti­on”, “Hin­dus­tan Pet­ro­le­um”, “GA­IL”, “Man­ga­lo­re Re­fi­ne­ry Pet­roche­micals”, “Chen­nai Pet­ro­le­um”, “Nu­ma­li­garh Re­fi­ne­ry” we “Oil In­dia” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­la­ryny birleşdirip, Hin­dis­ta­nyň iri ne­bit ön­dür­ýän kor­po­ra­si­ýa­sy­ny dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Tä­ze kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ba­ha­sy Rus­si­ýa­nyň “Ros­neft” şe­re­ke­tin­den ýo­ka­ry bo­lar. Hin­dis­ta­nyň öň­de­ba­ry­jy 6 ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­ha­sy or­ta­ça 77 mil­liard dol­la­ra deň­dir. “Ros­neft”-iň bu gör­ke­zi­ji­si 55 mil­li­ar­da go­laý­la­ýar.

Gaz kä­ni ta­pyl­dy

Hin­di um­ma­nyn­da iri te­bi­gy gaz kä­ni ta­pyl­dy. Bu ýer­de ABŞ-nyň hem-de Hin­dis­ta­nyň bi­le­lik­dä­ki göz­leg to­pa­ry zäh­met çek­ýär. Gel­jek­de bu gaz kä­ni­niň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­rin­den Hin­dis­ta­nyň se­na­ga­tyn­da peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Hin­dis­tan te­bi­gy ga­zy da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn al­ýar.
Ýurduň Ne­bit we te­bi­gy gaz mi­nistr­li­gi bi­len ABŞ-nyň Geo­lo­gi­ýa ko­mi­te­ti Hin­dis­ta­nyň gün­do­gar se­bi­tin­de Ben­gal aý­la­gyn­da iri gaz kä­ni­niň üs­tün­den bar­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Onuň de­ňiz ýal­pak­lyk­la­ryn­da ta­py­lan il­kin­ji gaz kä­ni­di­gi mä­lim edil­di.
Te­bi­gy gaz gid­ra­ty­nyň go­ry ýur­duň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne mä­täç­li­gi­nden halas bolmagyna az­da-kän­de go­şant go­şar. Gaz gid­ra­ty köp san­ly kris­tal bö­le­jik­le­rin­den eme­le gel­ýär. Ol hem gaz bi­len su­wuň bel­li bir şert­ler­de ga­ryş­ma­gyn­dan peý­da bol­ýar. Gaz gid­ra­ty il­kin­ji ge­zek 1940-njy ýyl­lar­da ta­py­lyp­dyr. 1960-njy ýyl­lar­da ony ýan­gyç hök­mün­de ulan­mak müm­kin­çi­li­gi­ne se­re­di­lip baş­lan­dy.
ABŞ-nyň Geo­lo­gi­ýa ko­mi­te­ti gaz gid­ra­ty kä­ni­niň ta­pyl­ma­gy bi­len bu se­riş­de­ler­den peý­da­lan­mak hem-de ony ön­dür­mek üçin ze­rur bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gi­ri­şil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.