ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň ýaşaýjysy “Mega Millions” jekpot – iň uly utuşly lotereýa arkaly 273 million dollar utdy. Bu barada lotereýa oýunlaryny geçirýän edaranyň wekilleri habar berdiler. Beýanatda lotereýa biletiniň Fillinsburg şäherinden satyn alnandygy aýdylýar.
Indi ýeňijä iki ugurdan birini saýlaýmak galýar: ol bu pullary 30 ýylyň dowamynda her aýda bölekleýin ýa-da ählisini birbada alyp bilýär. Eger-de ol soňky ugry saýlasa, onda ýeňiji köpräk salgyt tölemeli bolar. Salgyt tölän halatynda ýeňijä diňe 162,6 million dollar ýeter. Ştatyň kanunlaryna görä, ýeňiji köpçülige tanadylmaýar.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramalaryň biriniň 23 işgäriniň 437 million dollar möçberinde baýrak utanyndan soň – şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri “Mega Millions” jekpoty oýnalman gelýärdi.