Jelaleddin Rumy XIII asyr türk­men-türk nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we­ki­li. Ol Ho­ra­sa­nyň Balh şä­he­rin­de 1207-nji ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň 30-yn­a Sol­ta­nü’l – Ule­ma (Ula­ma­la­ryň sol­ta­ny) adyny alan Mu­ham­met Ba­ha­ed­din We­le­diň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Je­la­led­di­niň ka­ka­sy ylym­ly, ab­raý­ly, paý­has­ly adam bo­lup­dyr. Onuň Sel­juk hö­küm­dar­la­ry­na, Kö­ne­ür­genç türk­men­le­ri­niň sol­tan­la­ry­na mas­la­hat be­ren­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän mag­lu­mat­lar bar.
Je­la­led­din ata­sy­nyň ýo­lu­na eýe­rip ulal­ýar. Onuň eje­si şol döw­rüň uly ulamalarynyň bi­ri bo­lan Abu-Be­kir Sa­rah­sy­nyň ýa­kyn ga­ryn­da­şy di­ýen mag­lu­mat­la­ram bar. Ola­ryň maş­ga­la­sy, dür­li se­bäp­le­re gö­rä, Ru­mus­ta­na göç ed­ýär. Ola­ryň Balh­dan gaý­dyp, Bag­dat­da, Er­zin­jan­da bo­la­ndygyny, Mek­gä zy­ýa­rat eden­digini, Ma­la­t­ýa­da dört ýyl, Ga­ra­man­da ýe­di ýyl otu­ran­dyk­la­ry­ny dür­li çeş­me­ler ha­bar ber­ýär. Soň­ra sol­tan Alaed­din Keý­ku­bat I-iň ça­ky­ly­gy bi­len Kon­ýa, ýag­ny paý­tag­ta ça­gy­ryl­ýar. “Sol­tan öz tag­ty­ny akyl­dar­la­ryň sol­ta­ny Ba­ha­ed­din We­le­de tek­lip et­di” di­ýen ýaz­gy­lar hem sak­la­nyp ga­lyp­dyr.
Şol dö­wür­de Kon­ýa dür­li din­le­riň, pel­se­pe­le­riň we dil­le­riň jem­le­nen şä­he­ri eke­ni. Ga­dy­my grek pel­se­pe­le­ri­ni, ta­ry­hy­ny gö­nü­den-gö­ni grek di­li ar­ka­ly öw­ren­mek Je­la­led­din üçin tä­ze mek­dep bol­ýar. Şon­luk bi­len, onuň bil­ýän dil­le­ri­niň sa­ny dört­den aş­ýar: tür­ki, pars-arap, grek… ol şol dil­ler­de goş­gu­lar ýaz­ýar. Ata­sy ara­dan çy­kan­dan soň, ha­la­ýyk Je­la­led­di­niň öňe çyk­ma­gy­ny, ata­sy­nyň or­nu­ny tut­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­. Je­la­led­din bu tek­li­bi kyn­lyk bi­len ka­bul ed­ýär. Ata­sy­na hem ders be­rip, ha­ly­pa­lyk eden Bur­ha­ned­din Mu­hak­ky­ky Ter­me­zi, Je­la­led­din Ru­my­nyň hem mu­gal­ly­my, hem-de şeý­hi bol­ýar.
Möw­la­na Je­la­led­din Ru­my­dan “Mes­ne­wi”, “Me­ja­lis-i se­ba”, “Mek­tu­bat”, “Di­wan-i Ke­bir”, “Fi­hi ma­fih” ýa­ly eser­ler miras galýar. Bu eser­le­riň ag­la­ba­sy pars­ça ýa­zy­lyp­dyr. Şa­hyr öz eser­le­rin­de in­çe duý­gulary has ile­ri tut­ýar.
Ol yn­san­da­ky esa­sy iki sy­pa­ta aýratyn äh­mi­ýet ber­ýär: umyt­ly­lyk hem-de ki­çi­gö­wün­li­lik. “Umyt­ly ada­m hat­da sö­wüt­de­nem hur­ma mi­we­si­ni iýip bi­ler” diýip, ol aýdýar. Bu pi­ki­riň aňyr­syn­da hiç bir ýagdaýda hem umytdan düşmeli däldigi öňe sürülýär. Ru­my al­ty jilt­den yba­rat bo­lan “Mes­ne­wi” ese­ri­ni şä­gir­di Hü­sa­met­di­niň ha­ýy­şy bi­len dö­red­ýär. Akyl­da­ryň bu ese­ri Gün­do­gar­da uly meşhurlyga eýe bolýar. Möw­la­na Je­la­led­din Ru­my 1273-nji ýy­lyň de­kabr aýy­nyň 17-sin­de Kon­ýa şä­he­rin­de ara­dan çy­kýar.