2018-nji ýyl­da ka­liý dö­kün­le­ri­niň ba­ha­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ne bo­lan me­ýil­ler sak­la­nyp ga­lar di­ýip, ABŞ-nyň mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy “Berns­te­in Re­se­arch”-iň bi­ler­men­le­ri çak­la­ýar­lar.
Dün­ýä­niň ka­liý ba­za­ryn­da­ky oňaý­ly öz­ge­riş­ler oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ösen is­leg­le­ri we gir­de­ji­le­ri­niň dur­nuk­ly de­re­je­si bi­len şert­le­nen­dir.
Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, 2018-nji ýyl­da hlor­ly ka­liý dö­kü­ni­ne bo­lan is­leg 2,5 gö­te­rim ýa-da 1,6 mil­li­on ton­na öser. 2016-njy ýyl­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy bi­ler­men­le­re ka­liý dö­kün­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça has aý­dyň mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Tu­tuş dün­ýä­de dür­li mi­ne­ral dö­kün­le­re is­le­giň bar­ha ýo­kar­lan­ýan döw­rün­de Türk­me­nis­tan di­ýa­ry­myz­da-da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak ba­bat­da bir­nä­çe hal­ka­ra de­re­je­sin­de tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu ýag­daý Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň mi­ne­ral dö­kün ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny has-da mä­käm­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Şeý­le­lik­de, ge­çen ýy­lyň ba­ha­ryn­da bu se­na­ga­tyň tä­ze pu­da­gy – ýyl­lyk kuw­wa­ty 1,4 mil­li­on ton­na hlor­ly ka­liý dö­kü­ni­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen hem-de se­bi­tiň iri önüm­çi­lik des­ga­sy ha­sap­lan­ýan Gar­lyk dag-mag­dan baý­laş­dy­ry­jy top­lu­my ulan­ma­ga be­ril­di.
BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň ha­sa­ba­ty­na la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­de ka­liý dö­kün­le­ri­ne bo­lan is­leg 2020-nji ýy­la çen­li 37 mil­li­on ton­na deň bo­lar, bu 2017-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­rin­den 8,7 gö­te­rim ar­tyk­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Azi­ýa yk­ly­my iň iri sarp edi­ji bo­lup, ka­liý dö­kü­ni­ni im­port et­mek bo­ýun­ça Hy­taý we Hin­dis­tan öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ýag­daý Türk­me­nis­ta­n üçin ge­og­ra­fik taý­dan özü­ne ýa­kyn ýurt­lar bi­len ka­liý pu­da­gy­nyň söw­da­sy bo­ýun­ça gel­je­gi uly bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.