Soň­ky wagt­lar­da şöh­ra­ty has-da beý­gel­ýän Gol­li­wu­dyň awst­ra­li­ýa­ly akt­ri­sa­sy Mar­go Rob­bi­niň su­ra­ta düş­jek tä­ze ki­no­sy bel­li bol­dy. Owa­dan akt­ri­sa ki­no muş­dak­la­ry­nyň iň söý­gü­li film­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän «Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry» film­le­ri­niň tä­ze­çe nus­ga­syn­da baş keş­bi jan­lan­dy­rar. Eý­ýäm­den sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan fil­miň sse­na­ri­si­ni Kris­ti­na Hod­son ýa­zar. Ol Mar­go Rob­bi­niň baş keşp­de çy­kyş eden «Aw guş­la­ry» (Birds of Prey), şol san­da, «Baml­bi» (Bamb­le­bee) film­le­ri­niň sse­na­ri­si­ni hem ýa­zyp­dy. Hod­so­nyň öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ril­jek «Bat­girl», «The Flash» film­le­ri­niň hem sse­na­ri­si­ni ýa­zan­dy­gy­ny bel­lä­liň. Tä­ze dü­şü­ril­jek «Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry» fil­mi­niň ozal­ky­lar­dan ta­pa­wut­ly, has ta­ky­gy, baş­ga bir film bol­jak­dy­gy ha­bar­da aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de beý­le­ki bir ta­rap­da­n «Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry» fil­mi­niň 1-nji bö­lü­mi­niň sse­na­ri­çi­si Ted El­li­ot hem «Çer­no­byl» te­le­se­ria­ly­nyň prod­ýu­se­ri Kreýg Ma­zin bi­len bi­le­le­şip, tä­ze­den «Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry» film­le­ri­ni ek­ran­laş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mah­la­sy, hä­zir­ki wagt­da dür­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň ga­ra­ma­gyn­da tä­ze gör­nüş­dä­ki 2 sa­ny «Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry» fil­mi­niň taý­ýar­ly­gy­na ba­dal­ga be­ril­di.