Kä­şir gyş aý­la­ryn­da sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek üçin iň peý­da­ly önüm­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu kö­ki mi­we­li ösüm­li­giň bir­nä­çe peý­da­ly ta­rap­la­ry bar. Ol ýü­re­ga­gy­ry üçin peý­da­ly bol­mak bi­len, gan­da­ky şe­ke­riň we in­su­li­niň möç­be­ri­ni saz­la­ýar, adam be­de­nin­dä­ki kä­bir ar­tyk­maç ýag­la­ryň azal­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
Göz üçin has peý­da­ly: kä­şir ka­ro­ti­ne baý­dyr. Ol hem adam be­de­ni­ne köp muk­dar­da A wi­ta­­mi­niniň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu ýag­daý gö­ze we onuň gö­rüş hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem kä­şi­riň dü­zü­min­dä­ki lýutein we ze­ak­san­tin ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar gö­züň ýag­ty­lyk ka­bul ed­ýän bar­da­sy­na peý­da­ly­dyr. Ame­ri­ka­nyň of­tal­mo­lo­gi­ýa žur­na­lyn­da çap edi­len yl­my-bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, her hep­de 2-den köp kä­şir iý­me­giň gö­ze peý­da­ly­dy­gy mä­lim edil­di.
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär: kä­şi­riň dü­zü­min­dä­ki С wi­ta­mi­ni adam be­de­ni­niň dür­li ke­sel­le­re gar­şy du­rup bil­mek­lik uky­by­ny güýç­len­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Ol hem adam be­de­nin­dä­ki mik­rop­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rýär.
Gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni saz­la­ýar: kä­şir gan­da­ky şe­ke­rň mukdaryny kadalaşdyrmaga müm­kin­çi­lik ber­ýär we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na gol­daw ber­ýär. Mu­nuň üçin kä­şi­ri çig iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Ag­ra­ma gö­zeg­çi­lik et­mä­ge kö­mek ed­ýär: kä­şi­riň dü­zü­mi­niň 88 gö­te­ri­mi suw­dan hem-de sü­ýüm­den yba­rat­dyr. Bu saz­la­şyk ada­myň uzak wagt­lap dok bol­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.