Häzirki wagtda çagalar üçin dürli oýnawaçlar bar. Elbetde tomus paslynyň dowamynda açyk howada oýnamak has hem hezil. Eýsem, häzirki wagtda daşarda güýmenilýän skeýtbordlar (tigirçekli tagtajyk) haçan oýlanyp tapyldyka?
Sport maksatly ulanylýan bu tagtajyklar geçen asyryň ortalarynda oýlanyp tapylýar. Şeýle enjamy ýasamak pikirini ýerde sörfing etmek isleýän adamlar orta atýarlar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň kenarýaka şäherlerinde sörfing bilen meşgullananlar az däl. Suwda ýerine ýetirilýän sörfing kenardan birnäçe metr uzaklykdan ýeliň döredýän tolkunynyň üstünde ýörite tagtanyň üsti bilen kenara tarap gaýtmakdan ybarat. Emma bu sport bilen meşgullanmak üçin ýeterlik mukdarda ýeliň bolmagy zerurdyr. Kenarýaka şäherleriniň ýaşaýjylary amatly howa şertleriniň bolmadyk günlerinde gury ýerde bu sporty ýerine ýetirmek maksady bilen tigirçekli tagtajyklary ýasaýarlar. Şeýlelikde, 1958-nji ýylda Bill Riçards ilkinji skeýtbordy ýasaýar. Riçards 1920-nji ýyllardan bäri ýaşlaryň tigirçekli tagtalar bilen beýikden aşaklygyna gaýdyp oýnaýandygyny anyklapdyr. Şonuň netijesinde has kämil skeýtbordy ýasapdyr. Bu kiçi, emma sürmegi gyzykly bolan tagtajyk bilen gyzyklanýanlaryň sany köpelip başlaýar. Soňky ýyllarda skeýtbordyň tigirçekleriniň we tagtalarynyň has maýyşgak materiallardan öndürilmegi oňa bolan islegi has hem artdyrýar. Sebäbi, olar has howpsuz bolýar. Ýyllaryň dowamynda meşhurlygy artan skeýtbordlar bilen dürli ýaryşlar hem geçirilýär. Kadalar dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda teniňe şikes ýetirip biljek bu tagtajygyň üstünde deňagramlylygyňy saklamak aňsat däl. Şol sebäpli gaty ünsli bolmaly we talabalaýyk geýinmeli. Häzirki wagtda ony ulanmak üçin ýörite aýakgaplaryň, egin-eşikleriň, tirsekleriňi we dyzlaryňy goraýan esbaplaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle hem bu oýun bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar bar.