“Şagyzy gündelikleri – 3”

Re­žiss­ýor Ger­ri Mar­şall “Şa­gy­zy gün­de­lik­le­ri” film­le­ri­niň üçün­ji­si­niň taý­ýar­lan­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol go­laý­da öň­ki 2 fil­miň ýyl­dy­zy, os­kar­ly owa­dan akt­ri­sa Enn He­te­weý bi­len gür­le­şen­di­gi­ni we onuň ra­zy­lyk be­ren­di­gi­ni aýt­dy. Ýö­ne onuň üçin az-ow­lak ga­raş­ma­ly­dy­gy­ny hem bel­län re­žiss­ýor akt­ýor Kris Paý­nyň do­la­nyp-do­lan­ma­jak­dy­gy­ny hä­zir­lik­çe bil­me­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Fil­miň nä­hi­li he­ka­ýa­ny gür­rüň ber­jek­di­gi hem-de onuň önüm­çi­lik işi­niň ha­çan ýo­la go­ýul­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe bel­li däl.

anne-hathaway

Pegg Spilbergiň täze filminde
Köp­lenç kö­mek­çi rol­lar bi­len ta­nal­ýan akt­ýor Saý­mon Pegg dün­ýä bel­li re­žis- s­ýor Sti­wen Spil­ber­giň tä­ze ki­no­syn­da su­ra­ta dü­şer. “Rea­dy Player One” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan film Er­nest Klaý­nyň ady­bir ese­ri esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ry­lar. Yl­my-fan­tas­tik gör­nüş­dä­ki film 2018-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da pro­ka­ta çy­kar. “War­ner Bros.” we “Vil­la­ge Roads­how” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky film­de Pegg­den baş­ga-da Oli­wia Ku­ki, Taý Şe­ri­dan, Ben Men­del­son da­gy surata düşer.

Simon-Pegg-Portrait-Session-1880x1254

Ýaş aktrisa Lara Kroftuň keşbinde
“Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” fil­mi­niň ýaş akt­ri­sa­sy Deý­zi Rid­leý ýe­ne bir iri tas­la­ma­da baş keşp­de çykyş eder. Ol komp­ýu­ter oýun­la­ry esa­syn­da oza­lam ek­ran­laş­dy­ry­lan we baş keşp­de An­je­li­na Jo­li­niň çy­kyş eden “Tomb Rai­der” film­le­ri­niň ri­meý­kin­de su­ra­ta düş­mä­ge is­leg bil­dir­ýär. Gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de, ra­zy­lyk be­ren ýaş akt­ri­sa La­ra Krof­tuň keş­bi­ni jan­lan­dy­rar. Film ba­ra­da­ky beý­le­ki mag­lu­mat­lar öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li bo­lar.

Daisy-Ridley

Beýl bilen Paýk bir filmde
Skott Ku­pe­riň öz sse­na­ri­si esa­syn­da su­ra­ta dü­şür­jek “Hos­ti­les” at­ly baş­dan ge­çir­me dra­ma­syn­da esa­sy keşp­le­ri os­kar­ly akt­ýor Kris­ti­an Beýl bi­len Os­ka­ryň da­laş­gä­ri, akt­ri­sa Ro­za­mund Paýk jan­lan­dy­rar. Film­de nö­ker­ba­şy­nyň 1890-njy ýyl­lar­da öz maş­ga­la­sy­ny ha­las et­mek üçin gör­ke­zen eder­men­li­gi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. “Way­point En­ter­ta­in­ment” şe­re­ke­ti­niň he­ma­ýat­kär­li­gin­de taý­ýar­lan­jak fil­mi 2017-nji ýy­lyň 2-nji ýa­ry­myn­da pro­ka­ta çy­kar­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

bale rosamund-pike

Emma Stounyň nobatdaky kinosy
Gol­li­wu­dyň gö­zel akt­ri­sa­la­ryn­dan Em­ma Stoun “Let­ters From Ro­se­ma­ry” at­ly film­de baş keş­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Ro­uz Ma­ri Ken­ne­di­niň iberen hat­la­ryn­dan ugur al­nyp, su­ra­ta dü­şü­ril­jek ek­ran ese­ri­ne şu ýyl iň go­wy film Os­kar baý­ra­gy­ny alan “Üns mer­ke­zin­de” ki­no­sy­nyň prod­ýu­ser­le­ri Stiw Go­lin bi­len Do­ug Wald he­ma­ýat­kär­lik eder. Fil­miň sse­na­ri­çi­si we re­žiss­ýo­ry ýa­kyn­da bel­li bo­lar.

emma-stone-(27)