ABŞ-nyň “Pfizer Inc.” farmasewtika kompaniýasy düwnüge garşy derman serişdelerini öndürýän ABŞ-nyň “Medivation Inc.” şereketini 14 milliard dollara satyn alýar. “Pfizer” satyn alýan şereketiniň her bir paýnamasyna 81,50 dollar töleýär, ol hem gymmatbahaly kagyzlaryň biržadaky bahasyndan 21 göterim köp. Her iki kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşi bu geleşigi biragyzdan tassyklady.
– Täze satyn alýan kompaniýamyz, umuman alanymyzda, biziň girdejimizi ep-esli köpelder. Bu geleşik biziň innowasion esasda öndürýän önümlerimiziň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berer. Onkologiýa ugry boýunça dürli enjamlary öndüreris – diýip, “Pfizer” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy hem-de ýerine ýetiriji direktory Ýan Rid gürrüň berýär.
Mundan ozal, “Medivation” kompaniýasy Fransiýanyň “Sanofi” şereketiniň 9,3 milliard dollarlyk teklibini tassyklamandy.