Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da müň­ler­çe ýyl ozal äpet daş sü­tün­le­ri­niň nä­me mak­sat­lar bi­len gur­lan­dy­gy ba­ra­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri je­del­le­şil­ýär­. Te­ge­lek edi­lip gur­lan des­ga­la­ryň iň meş­hu­ry Ang­li­ýa­nyň Uilt­şir şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Stoun­henç ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň nä­me mak­sat bi­len gur­lan­dy­gy ha­kyn­da dür­li pi­kir­ler or­ta aty­lan hem bol­sa, hä­zi­re çen­li bel­li ne­ti­jä ge­lin­meýär.
Ola­ryň but­ha­na hök­mün­de gur­lan­dy­gy, ara­gat­na­şyk ýa-da ha­sap­la­ýyş en­ja­my hök­mün­de dö­re­di­len­di­gi öňe sür­lüp­di. Öten ýyl­lar­da ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar­da ola­ryň Gün we Aýyň ýer­leş­ýän ýe­ri we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri bi­len meň­zeş­li­gi ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dy. Bu meň­zeş­li­giň haý­sy­dyr bir mak­sat üçin ýa-da tö­tän­le­ýin ga­bat ge­len­di­gi ba­ra­da bol­sa anyk mag­lu­mat ta­pyl­man­dy.
Bu ba­ra­da bar­lag ge­çi­ren Awst­ra­li­ýa­nyň Ade­lai­da uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri bu daş­lar bi­len as­man ji­sim­le­ri­niň ara­syn­da­ky meň­zeş­li­gi ýü­ze çy­kar­dy. Üç öl­çeg­li we iki öl­çeg­li bar­lag­lar­da ola­ryň di­ňe Gün we Aý bi­len bag­ly däl­di­gi, eý­sem, beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri bi­len hem meň­zeş­li­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Şot­lan­di­ýa­nyň Lu­is ada­syn­da­ky (Is­le of Le­wis) “Kal­la­niş” at­ly daş­la­ry bar­lan yl­my to­par ga­dy­my daş­la­ryň ýa­ry­syn­da de­mir­ga­zyk go­ri­zont çy­zy­gy­nyň has be­lent we ýa­kyn­dy­gy­na, şeý­le hem ýy­lyň iň uzyn gü­nün­de (21-nji iýun)Gü­nüň bu go­ri­zon­tyň iň be­ýik no­ka­dy­nyň aňyr­syn­dan dog­ýan­dy­gyny kesgitledi. Edil şo­lar ýa­ly ha­dy­sa­nyň bu daş­la­ryň beý­le­ki ýa­ry­syn­da hem ýy­lyň iň gys­ga gü­nün­de (21-nji de­kabr) gaý­ta­lan­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Ýag­ny bu daş­la­ryň du­ran ýe­ri, uzyn­ly­gy, ýer­leş­di­ri­li­şi tö­tän­le­ýin däl-de, ýö­ri­te saý­la­ny­lyp­dyr.

Ga­dy­my ha­sap­la­ýyş gu­ra­ly
Bu daş­la­ryň ýa­nyn­da du­rup, Gü­nüň do­g­şu­na se­re­dip, ýy­lyň haý­sy pas­ly­dy­gy­ny, to­mus ýa-da gyşyň düş­me­gi­ne nä­çe wag­tyň ga­lan­dy­gy­ny anyk­lap bol­ýar. Ýag­ny olar se­ne­na­ma hök­mün­de peý­da­la­ny­lyp­dyr.