Komp­ýu­ter­dir beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry aras­sa­la­ma­gyň hem öz düz­gü­ni bar. Kä­ha­lat­lar­da öý­de ýa-da iş ýe­rin­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, komp­ýu­ter­le­riň göz­den sy­pdy­ryl­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar. As­lyn­da, bu en­jam­lar yzy­gi­der­li aras­sa­çy­ly­gy ta­lap ed­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi we için­de nä­zik bö­lek­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li bu en­jam­lar aras­sa­la­nan­da has üns­li bo­l­ma­ly. Elekt­ron en­jam­la­ry aras­sa­la­mak üçin ada­ty aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ulan­ma­ly däl­di­gi­ni ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Ge­liň, bu en­jam­la­ryň aras­sa­çy­ly­gy ba­ra­da kä­bir usul­la­ra se­re­de­liň!
Komp­ýu­ter kla­wia­tu­ra­sy­nyň aras­sa­çy­ly­gy o di­ýen kyn däl. Em­ma is­len­dik elekt­ron en­jam aras­sa­la­nan­da su­wuk se­riş­de­le­ri örän se­re­sap­ly ulan­ma­ly­dy­gy­ny ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Se­bä­bi aşa köp ula­nyl­sa ýa-da en­ja­myň içi­ne gir­se oňa zy­ýan ýe­tir­me­gi müm­kin. Aras­sa­çy­ly­ga baş­la­maz­dan ozal, bu en­jam­la­ry tok­dan aýyr­ma­gy hem unut­maň! Kla­wia­tu­ra­ny aras­sa­la­mak üçin il­ki ony ba­şa­şak tu­tup, aşa­gyn­dan ça­la­ja uruň! Şeý­le­lik­de düw­me­le­riň ara­sy­na gi­ren to­zan bö­le­jik­le­ri ga­çar. Elekt­ron en­jam­la­ryň sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryn­da kla­wia­tu­ra aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ba­syş­ly se­riş­dä­ni düw­me­le­riň ara­sy­na pür­küň! Soň­ra gu­ry mik­ro­sü­ýüm­li es­gi bi­len sü­pü­riň we gu­ra­ýan­ça ulan­maň!
Op­ti­ki sy­çan­jyk­lar ki­çi bo­lan­soň, ola­ry aras­sa­la­mak kyn däl. Ola­ry ma­hal-ma­hal çyg­ly es­gi bi­len sü­pü­rip du­ruň!
Komp­ýu­ter­le­riň, ýan­komp­ýu­ter­le­riň, te­le­wi­zor­la­ryň we beý­le­ki en­jam­la­ryň ek­ran­la­ry örän nä­zik bol­ýar. Şol se­bäp­li ek­ra­ny ga­ty bas­maň, aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si­ni ýü­zü­ne pürk­mäň! Çal­gyç, des­mal, el­ýag­lyk, bir ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen aş­ha­na ka­gyz­la­ry bu ek­ran­la­ra ze­per ýe­tir­ýär. Ek­ra­ny sü­pür­mek üçin ça­la çyg­lan­dy­ry­lan ýö­ri­te es­gi­ni ula­nyň! Es­gä ge­re­gin­den ar­tyk se­pi­len er­gin akyp, ek­ra­nyň çar­çu­wa­syn­dan içi­ne gir­se, ze­per ýe­tir­me­gi müm­kin. Şol se­bäp­li er­gi­ni es­gi­niň di­ňe ýa­ry­syn­a ýa-da bir bur­çu­na sep­se­ňiz go­wy bo­lar. Ek­ra­nyň ýü­zün­e ge­re­gin­den ar­tyk er­gin se­pi­len bol­sa, gu­ry es­gi bi­len ba­da-bat süp­ür­me­li.
Ek­ra­nyň ýü­zün­de teg­mil bar bol­sa, ony aýyr­mak üçin ow­ka­la­maň! Ha­pa aý­ryl­ýan­ça çyg­ly es­gi bi­len sü­pür­me­gi­ňi­zi do­wam ediň! Ek­ra­ny aras­sa­la­ny­ňyz­da oňa di­ňe es­gi deg­me­li. Eli­ňiz deg­se, ýe­ne-de yz ga­lar.
Ýu­ka ek­ran­la­ry aras­sa­la­mak üçin ýö­ri­te sa­tyl­ýan çyg­ly sü­pür­giç­ler­den peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz! Bu çyg­ly sü­pür­giç­ler gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan çyg­ly sü­pür­giç­ler­den ta­pa­wut­ly bo­lup, ek­ran üçin zy­ýan­syz ýö­ri­te se­riş­de bi­len ka­da­ly muk­dar­da çyg­lan­dy­ry­lan. Bu sü­pür­giç­ler tüý­jü­mek bol­man, ta­la­bala­ýyk ula­ny­lan­da ek­ra­na ze­per ýe­tir­me­ýär.