Ýur­du­my­zyň Mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de umu­my­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň ýa­nyn­da­ky iş to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu iş to­pa­ry ge­çen ýy­lyň güý­zün­de ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça dö­re­dil­di. Onuň dü­zü­mi­ne Mil­li Par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň tej­ri­be­li hü­när­men­le­ri, Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­ler­men­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar dü­zü­mi, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň we­kil­le­ri gir­ýär.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de “Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Kons­ti­tu­si­on ka­nu­nyň tas­la­ma­sy çap edi­len­den soň, ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ryn­dan, sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar­dan, kär­ha­na­la­ryň we eda­ra­la­ryň to­par­la­ryn­dan, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryn­dan we ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re we bel­lik­le­re sel­jer­me be­ril­di. Şun­da hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na hem-de Esa­sy Ka­nu­ny­my­zy kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da oňyn hal­ka­ra tej­ri­bä aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň iki pa­la­ta­ly ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň dö­re­dil­jek­di­gi bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da he­re­ket ed­ýän “Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Kons­ti­tu­si­on ka­nu­na, “Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ha­kyn­da” Ka­nu­na, Saý­law ko­dek­si­ne hem-de beý­le­ki bir­nä­çe ka­nun­la­ra de­giş­li üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Halk Maslahatynyň we­kil­le­ri­niň ýer­ler­de ila­ta “Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Kons­ti­tu­si­on ka­nu­nyň tas­la­ma­syn­da be­ýan edi­len ka­da­la­ryň maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­mek, şeý­le hem ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­le­ri ýyg­na­mak, öw­ren­mek we umu­my­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da­ky ha­bar­la­ry diň­le­nil­di.
Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren baş­lan­gy­jy äh­li­halk gol­da­wy­na we ma­kul­la­ma­sy­na eýe bol­dy.
Ge­çi­ri­len kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler bi­ziň de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, Türk­me­nis­tan­da iri möç­ber­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň hem-de dur­muş ugur­ly mak­sat­na­ma­la­ryň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mil­li Par­la­men­tiň hil taý­dan tä­ze gör­nü­şe – iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma hem-de Halk Mas­la­ha­ty­na be­ril­jek tä­ze hu­kuk de­re­je­si­ne ge­çi­ril­me­gi hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry we türk­men jem­gy­ýe­ti­niň yzy­gi­der­li de­mok­ra­ti­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy nuk­daý­na­za­ryn­dan mak­sa­da­la­ýyk­dyr, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, de­pu­tat­la­ryň ýer­ler­de saý­law­çy­lar bi­len has ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry­ň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­giň güýç­len­di­ril­me­gi­ne ýar­dam eder.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň ýa­nyn­da­ky iş to­pa­ry­nyň we­zi­pe­le­ri hem-de giň jem­gy­ýet­çi­li­giň ara­syn­da wa­gyz ediş we dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, “Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň gu­tar­nyk­ly tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­le­riň mö­hüm ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bu Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň tä­ze ta­ry­hyn­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka öw­rü­ler.