Aý­dym-saz ada­myň gö­wün syr­da­şy, kö­ňül küý­se­gi. On­suz bu dur­mu­şy göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­ki­nem däl. Çün­ki aý­dym-saz ada­ma güýç-kuw­wat we ru­hy lez­zet ber­ýär, on­da tü­ke­nik­siz hem joş­gun­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy aýt­myş­la­ýyn: “Ile döw­let ge­ler bol­sa, bag­şy bi­len ozan ge­ler”. Aý­dym-sa­zyň bar ýe­rin­de şat­lyk bar, şa­ga­laň bar. Ga­nyp bol­ma­jak ýa­kym­ly lez­ze­tiň tä­si­rin­den bäh­re tap­ýan yn­sa­nyň ar­gyn be­de­ni­ne ra­hat­lyk ara­la­şyp ma­ýyl edi­ji şy­pa­ly duý­gu­la­ryň der­de­se­rin­den onuň tel­was ur­ýan ýü­re­gi yn­ja­lyk tap­ýar, kal­by al-as­man­da pel­pel­le­ýär. Şeý­le­lik­de ada­myň ýa­şaý­şa bo­lan hö­we­si art­ýar. Zäh­me­te hy­ju­wy bat­la­nyp, joş­gun­ly iş­le­mä­ge oduk­ýar.

Dün­ýä bel­li Ah­met al-Sa­rah­sy, Mu­ham­met Fa­ra­by, Ibn Si­na ýa­ly alym­la­r saz sun­ga­ty­na de­giş­li düýp­li yl­my iş­ler ýa­zyp­dyr­lar. Ibn Si­na aý­dym-sa­zyň yn­sa­nyň sag­ly­gy­na ed­ýän tä­si­ri­ni il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup ýü­ze çy­ka­ryp­dyr. “Eger şäh­da­çyk hem sag­dyn bo­la­syň gel­se, her gün aý­dy­ma hiň­len­mä­ge tür­gen­leş” di­ýip, be­ýik luk­man örän dog­ry bel­läp ge­çip­dir. Hal­ky­my­zyň geç­miş ta­ry­hyn­da sa­zyň üs­ti bi­len nä­sag­la­ry be­je­rip bo­lýan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar hem bi­ziň ýo­kar­da ag­zap ge­çen me­se­lä­miz bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Ile döw­let ge­ler bol­sa” at­ly ki­ta­byn­da: “Te­bip­ler be­jer­gi­ni tüý­dük ýa-da du­tar çal­ýan sa­zan­da­ny ýö­ri­te ça­gy­ryp, şo­nuň sa­zan­dar­lyk et­me­gin­de ge­çi­rip­dir­ler. Köp­lenç ýag­daý­lar­da “be­je­riş çä­re­si­ni” sa­zan­dar­la­ryň özi ge­çi­rip­dir. Özi-de olar türk­men sa­zan­da­la­ry­nyň aý­dym-saz go­run­da şu wag­tam bar bo­lan “Por­han he­ňi­ni” ýa-da “Por­han­na­ma­ny” ça­lyp­dyr­lar” di­ýip, bu ba­ra­da örän jaý­dar jüm­le­ler aý­dyl­ýar.

Gör­şü­ňiz ýa­ly, sa­zyň di­ňe bir ada­ma däl-de jan­dar­la­ra-da, hat­da ösüm­lik dün­ýä­si­ne-de tä­si­ri güýç­li bo­lar­ly. In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­la­nan ýaz­gy­la­ryň bi­rin­de aý­dyl­ma­gy­na gö­rä, da­şa­ry ýurt­la­ryň bi­rin­de gül ýe­tiş­dir­ýän hü­när­men­le­riň bi­ri he­mi­şe saz ýaň­la­nyp du­ran ýe­rin­de ös­ýän gül­ler bi­len beý­le­ki­le­ri de­ňeş­di­re­niň­de, sa­zyň se­si­ni eşi­dip ös­ýän gül­le­riň boý al­şy­ny­ňam, açy­ly­şy­ny­ňam, hat­da ysy­ny­ňam baş­ga­lar­dan has ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär.

Aý­dym-saz bi­ziň ja­ny­my­za-da, ga­ny­my­za-da or­nan. Iň bär­ki­si ýa­ňy dün­ýä inen ça­ga nä­me, şo­lam sal­lan­ça­ga sal­nan­soň hüw­di se­si­ni eşi­den­den, göz­ja­ga­zy­ny sü­züp, des­si­ne uka ma­ýyl bol­mak bi­len bol­ýar.

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň “Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy dost­luk, do­gan­lyk sa­zy” at­ly ki­ta­byn­da: “Ça­ga dün­ýä inen­de, düýr­me­giň bi­len asyl­ly duý­gu­la­ra be­ril­me­li­di­gi ba­ra­da­ky pent hüw­di bi­len onuň aňy­na gu­ýul­ýar” di­ýip, bu ba­ra­da örän jaý­dar jüm­le­ler aý­dyl­ýar.

Ol aý­dym bol­sun, ýa-da saz, haý­sy hal­kyň­ky­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, yn­sa­na şol bir ýa­kym­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Beý­le­ki halk­la­ryň aý­dym­la­ry­nyň söz­le­ri­ne oň­ly dü­şün­me­se­gem, şo­la­ry­ňam öz­bo­luş­ly ýa­ky­my gu­la­gy­my­za ýa­ra­man du­ra­nok. Türk­me­niň meş­hur kom­po­zi­tor­la­ry W.Mu­ha­dow, D.Öwe­zow, A.Ku­ly­ýew, N.Hal­mäm­me­dow, A.Aga­jy­kow, Ç.Nu­ry­mow, R.Re­je­pow, D.Nu­ry­ýew ýa­ly ägirt­le­riň ta­gal­la­sy bi­len en­çe­me şi­rin­den şe­ker aý­dym­lar­dyr saz­lar dö­re­di­lip, olar her gün şam-u-sä­her­de te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryn­da ýaň­la­nýar. Aý­dym-saz sun­ga­ty türk­men ede­bi­ýa­tyn­da-da giň­den şöh­le­le­nip, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­my­zyň uky­by bi­len en­çe­me ulu­ly-ki­çi­li li­ri­ki we eti­ki eser­ler dün­ýä in­di. Şol eser­le­riň (N.Sa­ry­ha­now “Şü­kür bag­şy”, H.Ys­ma­ýy­low “Go­puz­ly­ja gyz­ja­gaz”, K.Gur­ban­ne­pe­sow “Aýal bag­şy”, R.Ge­le­now “Ga­nat­ly aý­dym­lar”, M.Se­ýi­dow “Du­run mu­ka­my”, “Gul­ba­ba’’, H.Di­wan­gu­ly­ýew “Çu­wal bag­şy”, A.Ta­ga­now “Sa­zyň pi­ri ni­re­de”, “Sal­lan­çak mu­ka­my”, H.Dur­dy­ýew “Şaw­ram şel­pe­ler”, “Sker­so”…) üs­ti bi­len ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler türk­men aý­dym-sa­zy­nyň ta­ry­hy­na de­giş­li en­çe­me gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bol­ýar­lar we iň­ňän köp zat­la­ra göz ýe­tir­ýär­ler.