Iňlis şahyry Jon Miltonyň (1608-1674) “Ýitirilen jennet” atly köptaraply epiki poemasy ýazylanyndan 350 ýyldan soň hem bütin dünýäde ähmiýetli eser bolmagynda galýar. Alymlaryň geçiren barlaglarynda, onuň eserleriniň soňky 30 ýyldaky terjimeleriniň geçen 300 ýyldakydan has agdyklyk edýändigini görkezdi.
“Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, Jon Miltonyň 1667-nji ýylda ilkinji gezek neşir edilen “Ýitirilen jennet” atly poemasynda Zeminiň ilkinji ynsany Adam ata barada gürrüň berilýär. Soňky ýyllarda bu eser pars, iwrit, tamil, friz, walliý, manks we beýleki dürli dillere geçirildi. Eser jemi 300 gezekden gowrak 57 dile terjime edilipdir.